Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylda geçirilen durmuş-ykdysady özgertmelere gowy baha berdi
27 Dek
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylda geçirilen durmuş-ykdysady özgertmelere gowy baha berdi

    2016-njy ýylyň 26-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlise welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy. 

    Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda şu ýyl alnyp barlan işleriň gysgaça jemlerini jemledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly ýagdaýlar bolup geçýär. Halkara pul gaznasynyň berýän maglumatlaryna görä, ösýän ýurtlaryň köpüsinde ykdysadyýetiň ösüş depgini haýallady. Bu ösüş häzir pes bolmagynda galýar. 

    Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň öz wagtynda hem-de dogry kararlary we çözgütleri kabul etmegi, şeýle hem biziň sazlaşykly, netijeli we maksada okgunly işleri alyp barandygymyz, mähriban halkymyzyň giňden goldamagy ykdysadyýetde hem-de daşary syýasatda oňyn netijeleri gazanmagymyzyň girewi boldy. Halkara pul gaznasynyň ýakynda ýurdumyzda bolan wekiliýeti biziň bu ugurda alyp barýan işlerimize oňyn baha berdi. 

    2016-njy ýylda göz öňünde tutan ähli işlerimiz diýen ýaly üstünlikli amala aşyryldy. Garaşsyz döwletimiziň rejelenen görnüşdäki Konstitusiýasy hem-de indiki ýyl üçin oýlanyşykly düzülen Döwlet býujeti kabul edildi. Ilat üçin ähli durmuş ýeňillikleri saklanyp galdy. Halkymyz tebigy gazdan, elektrik energiýasyndan mugt peýdalanýar. Jemagat hojalygy hyzmatlarynyň nyrhlary hem ujypsyz bolmagynda galýar. Harytlaryň nyrhlarynyň ýokarlanmagyna ýol bermezlik üçin hem zerur çäreler görüldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary ýene-de 10 göterim köpeldildi. Aýlyk zähmet haklaryny tölemek bilen bagly hem hiç hili mesele ýok.

    Biz şu ýyl umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän 202 sany desgany işe girizdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şol desgalaryň hatarynda Aşgabatdaky Halkara howa menzilini, «Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan» demir ýolunyň öz güýjümiz bilen gurlan birinji tapgyryny, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň dowam etdirilmegini, Lebap welaýatyndaky kuwwatly elektrik stansiýasyny, Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binalar toplumyny görkezmek bolar. Şu ýyl ýurdumyz boýunça umumy meýdany 1 million 700 müň inedördül metrden hem geçýän ýaşaýyş jaýlarynyň, köpsanly çagalar baglarynyň, mekdepleriň, lukmançylyk edaralarynyň we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda myhmanhanalaryň ulanylmaga berilmegi aýratyn şatlyk duýgularyny döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz guwanç we buýsanç bilen belledi.                                                                                                             Hormatly Prezidentimiz alnyp barlan halkara işleriniň netijelerini jemläp, şu ýyl ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara 8 saparynyň amala aşyrylandygyny belledi. Şeýle hem daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň döwletimize 10 sapary bolup geçdi. 

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, şu ýyl Bitarap döwletimiz indi bäşinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna, bu guramanyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS-yň) üç sany toparyna saýlandy. Paýtagtymyzda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň ýokary derejede geçirilmegini hem-de şu mesele boýunça Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegini, ýaňy-ýakynda bolsa Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanmagyny biziň diplomatiýamyzyň uly üstünligi hasaplap bolar.

    Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny döretmäge uly goşant goşdy we goşmagyny dowam edýär. Umuman, 2016-njy ýylda syýasy we ykdysady häsiýetli köpsanly dürli ýaramaz hem-de oňyn ýagdaýlaryň bolandygyna, şu ýylyň ähli döwletler üçin örän kynçylykly gelendigine garamazdan, biz ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokary, ýagny 6,2 göterim bolmagyna garaşýarys.

    Döwlet Baştutanymyz çykyşyny dowam edip, mejlise gatnaşyjylara geljek ýyl biziň üçin örän möhüm bolan iki sany çäräniň bardygyny ýatlatdy. Bu çäreler Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hem-de V Aziýa oýunlary bolup durýar. Bu çäreler hem örän ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmelidir.

    Ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyl mundan ozal binýadyny goýan demokratiýanyň esaslary ýolbaşçylaryň saýlawlylygyny, häzirki aýanlyk şertlerinde aýdylyşy ýaly, her bir adamyň erk-islegini erkin beýan etmegini aňladýar. Bu meseleleriň ählisi biziň däp-dessurlarymyzda we kada - kanunlarymyzda öz beýanyny tapdy.  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz her ýyl üçin belli bir şygary öňe sürýändigimizi, munuň bolsa, bellän belent maksatlarymyza tarap okgunly öňe gitmäge bize ýardam berýändigini belläp, geçiriljek öňde duran çäreleri göz öňünde tutup, geljek ýyly «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!» diýip atlandyrmagy teklip etdi.

    Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda geljek ýylda bize köpsanly halkara wakalarynyň garaşýandygyny, maslahatlaryň we duşuşyklaryň geçiriljekdigini belledi. 2017-nji ýylda Prezident saýlawlary geçiriler, täze ýolbaşçylar işe girişerler. Olar milli-watançylyk maksatlary durmuşa geçirmeli bolarlar, jemgyýetiň abadançylygy hakda alada etmeli bolarlar. Goý, Täze ýyl üstünlikli we düşümli ýyl bolsun! Bu üstünlikler ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen nobatdaky ädimler bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bilelikdäki mejlise gatnaşyjylaryň ählisine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.