Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna toý saparyny amala aşyryp, sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, galla oragynyň depginleri, senagat-önümçilik toplumdaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.
Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň uçary Türkmenabat şäheriniň halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Arkadagly Serdarymyz mähirli garşylandy. Hormatly Prezidentimizi garşylamagyň dabarasy belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Welaýatyň körpe nesilleri joşgunly goşgulary, aýdymlary bilen täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amal bolýan beýik işleri wasp etdiler.
Döwlet Baştutanymyz sungat ussatlaryna öz minnetdarlygyny bildirdi we bu ýerde çykyş eden çagalaryň haýyşlary boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi. Şeýle hem çagalara sowgatlar gowşuryldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň binasyna girdi. Bu ýerde Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew Arkadagly Serdarymyza sebitiň Darganata etrabynyň edermen daýhanlarynyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz şatlykly habary kanagatlanma bilen diňläp, etrabyň zähmetsöýer gallaçylaryny ajaýyp zähmet ýeňşi bilen gutlady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow awtoulagynda bu ýerden welaýatyň Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanyna tarap ugrady.
Bu ýerde Arkadagly Serdarymyzy gallaçy-kärendeçi Azat Joraýew garşylaýar.
Döwlet Baştutanymyz daýhanyň iş şertleri, onuň maşgala ýagdaýy we kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşi hem-de galla meýdanlarynyň hasyllylyk derejesi, şeýle hem tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyk işleriniň öz wagtynda geçirilişi bilen gyzyklandy.
Zähmetsöýer daýhan topraga yhlas edip öndürjilikli zähmet çekmek, ýerden bol hasyl almak ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur goldawlaryň berilýändigi üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol 16 ýyldan bäri kärendeçilik usulynda işleýändigini, 10 gektar meýdana bugdaýyň «hasylly» görnüşini ekendigini we onuň her gektaryndan 50 sentner möçberde hasyla garaşýandygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde oba hojalyk önümlerini öndürijiler, daýhanyň netijeli zähmeti, kärendeçileriň zerur bolan dökün, ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmegi ugrunda hemme şertleriň döredilýändigini belledi. Döwlet tarapyndan daýhanlara hemmetaraplaýyn goldawlaryň berilmegi alnyp barylýan syýasatyň hemişe ileri tutulýan ugry bolar. Munuň özi milli daýhançylyk däplerini ösdürmekde, ösüp gelýän ýaş nesilleri halal zähmetiň esasynda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýe bolar.
Kärendeçi oba zähmetkeşleriniň netijeli işiniň üpjün edilmegi ugrunda döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp mundan beýläk-de öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda daýhan yhlasyny gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy. Gallaçy daýhan kärende ýerinde ekin dolanyşygyna möhüm ähmiýet berýändigini aýdyp, şu ýyl bugdaýdan boşan ýerlere mäş ekmegi meýilleşdirýändigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýan daýhanlaryň iş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy, pudaga täzeçil tehnologiýalaryň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, iň esasy bolsa daýhan zähmetiniň höweslendirilmegi bilen baglanşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanjakdygyna ünsi çekdi.
Kärendeçi A.Joraýew ekerançylyk meýdanlaryny netijeli peýdalanmak, oba-hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, şol bir wagtyň özünde öndürijilikli zähmet çekmek ugrunda döredilýän mümkinçilikleriň daýhanlary täze zähmet ýeňişlerine, täze üstünliklere ruhlandyrýandygyny guwanç bilen belledi. Daýhan Arkadagly Serdarymyzdan kärende ýerinde ösdürip ýetişdiren bugdaýyny ormaga ak pata bermegini haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Bismilla» diýip, daýhan yhlasy bilen birkemsiz hasyl toplan bugdaýyň bir dessesini ordy.
Şu pursatda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda netijeli işledilýän kuwwatly «Claas» hem-de «John Deere» kysymly tehnikalary ussatlyk bilen dolandyrýan mehanizatorlar bereketli hasylyň oragyna girişdiler. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly tehnikalary bugdaýy ýitgisiz hem-de arassa ýygnamakda kämil hasaplanylýar. Olaryň netijeli işledilmegi daýhanlaryň durmuşynda möhüm tapgyr bolan galla oragy möwsüminiň guramaçylykly we gysga wagtda geçirilmegini üpjün edýär.
Arkadagly Serdarymyz galla oragyna girişen kombaýnlaryň sazlaşykly hereketini synlady.
Döwlet Baştutanymyz kärendeçi daýhanyň alyp barýan yhlasly we öndürjilikli zähmetine minnetdarlygyň nyşany hökmünde sowgatlaryny gowşurdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kärendeçi daýhanyň haýyşy boýunça onuň bilen ýadygärlik surata düşdi.
Şeýle hem bu ýerde türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän gök, bakja we miwe önümleriniň, dänelik ekinleriň tohumlarynyň, çörek we çörek önümleriniň sergisi guraldy. Bu görnüşler döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde toprakdan bereket önýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar.
Bu ýerde gelin-gyzlar milli tagamlary taýýarlaýarlar. Türkmen ilinde keramat derejesine göterilen tamdyrlarda şu ýylky hasylyň täze unundan çörek bişirilýär.
Hormatly Prezidentimize täze bişirilen çörek hödürlenýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gallaçy-kärendeçiniň hasylynyň bereketli bolmagyny, onuň ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanmagyny arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde ýerleşen «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasynyň geçiriljek ýerine tarap uçdy.
Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň dikuçary bekediň golaýynda ýörite taýýarlanan meýdançada gondy.
Welaýatyň sungat ussatlarynyň çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň öwüşginini artdyrýar.
Döwlet Baştutanymyz aýratyn giň zalda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdy. Onda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlary meýilnamalary hem-de geljekki ösüşleri, onuň käbir düzümleriniň işi beýan edilýär. Bu ýerde ulanyşa girizilýän desgalaryň üpjün edilen dürli häzirki zaman enjamlary we önümçilige ornaşdyrylýan iň täze innowasion tehnologiýalar görkezildi.
Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Çen Huaýlun hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa diwarda asylan fotosuratlary we çyzgylary görkezdi, şolarda nebitgaz pudagynda üstünlikli ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy barada aýdyň gürrüň berilýär.
Hytaýly hünärmen döwlet Baştutanymyza Farap etrabynyň çäginde gurlup ulanmaga berilen gaz-ýygnaýjy bekediň ugurdaş düzümleri, onuň gaz-geçiriji ulgamy we bu toplumyň ortaça ýyllyk kuwwaty barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Hytaý Halk Respublikasy ýangyç-energetika pudagynda Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda hytaýly hünärmenler Amyderýanyň sag kenarynda bolşy ýaly, «Galkynyş» gaz käninde we «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn meýdançasynda giň möçberli işleri amala aşyrdylar.
Lebap welaýatyndaky gaz käninde täze gaz ýygnaýjy bekediň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy barada aýdyp, hytaýly hünärmen sanly ulgam ornaşdyrylan desganyň enjamlaşdyrylyş derejesiniň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýändigini habar berdi.
Iň täze tehniki işläp taýýarlamalaryň ulanylmagy ata-Watanymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ähli ugurlarynyň işini hem-de «mawy ýangyjyň» känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegini işjeňleşdirýär.
Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz öňdebaryjy tehnologiýalar babatda halkara hyzmatdaşlygyny hem-de milli derejede durmuşa geçirilýän anyk çäreleri güýçlendirýär, bu bolsa Watanymyzyň dünýäniň energetika döwleti hökmündäki eýeleýän ornunyň berkidilmegine we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine hytaýly hünärmenleriň işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen nygtady hem-de hytaýyň iri korporasiýasynyň wekiline işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz maslahatlar zalyna barýar, şol ýerde täze gaz ýygnaýjy bekediň açylyş dabarasy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Lebap welaýatyndaky «Gadyn» käninde täze gaz ýygnaýjy bekediň işe girizilmegi bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady.
– Biziň alyp barýan «açyk gapylar» syýasatymyz Bitarap döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň möhüm binýady bolup durýar. Şundan ugur alýan Türkmenistan dünýäde ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde özüni tanadýar. Bu ýagdaý döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga şert döredýär. Halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berip, köp sanly dünýä meselelerini çözmäge hem hemaýat edýär – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Çykyşda bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdelerimizi daşarky bazarlara ibermek tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzyň strategik maksady bolup durýar.
Bu ugurda amala aşyrylýan taslamalar Merkezi Aziýanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga, sebitara gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berýär.
Döwlet Baştutanymyz dostlukly Hytaý Halk Respublikasy bilen amala aşyrýan taslamalaryň örän möhüm ähmiýete eýedigi barada aýdyp, Hytaý döwletiniň Garaşsyzlygymyzyň ilkinji döwründe biziň bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýandygyny hem-de şu ýyl bu şanly waka 30 ýyl dolýandygyny ýatlatdy.
Nygtalyşy ýaly, geçen döwürde hytaýly hyzmatdaşlar bilen nebitgaz pudagynda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Bu bolsa, iki döwletiň hem ykdysady kuwwatynyň artmagyna oňaýly täsir etdi.
«Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan –Hytaý» gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Her biriniň uzynlygy 1830 kilometr bolan üç şahaly gaz geçiriji ýylda 55 milliard kub metr «mawy ýangyjy» geçirmäge mümkinçilik berýär.
Onuň 2009-njy ýylyň ahyrynda işe girizilenden bäri Türkmenistandan Hytaýa 334 milliard kub metrden hem köp tebigy gaz iberildi. Geljekde bu zerur ýangyjyň iberilýän möçberini ýylda 65 milliard kub metre ýetirmek üçin onuň ýene-de bir, ýagny 4-nji şahasyny gurmak göz öňünde tutulýar.
– Indi on üç ýyl bäri türkmen «mawy ýangyjy» dostlukly hytaý halkynyň ojaklaryny ýyladyp, senagat kärhanalaryny herekete getirýär. Iri energiýa taslamasy iki ýurduň halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýar – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow buýsanç bilen nygtady.
Döwlet Baştutanymyz şu günki ajaýyp waka baradaky gürrüňlere geçip, Lebap welaýatynyň ýurdumyzyň senagat taýdan depginli ösýän sebitleriniň biridigini belledi. Welaýatda gurulýan döwrebap kärhanalaryň, önümçilik-medeni maksatly desgalaryň sany barha artýar.
«Gadyn» käninde täze gurlan gaz ýygnaýjy beket hem şeýle desgalaryň biridir. «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn sebitiniň Kiştiwan, Günbatar Kiştiwan, Gadyn, Eljik, Gündogar Eljik känlerinden tebigy gazyň gije-gündizde 5,5 million kub metrini ýygnap, hytaý döwletine ibermekde bu bekede uly orun degişlidir.
Döwrebap desganyň işe girizilmegi 200 sany täze iş ornuny döretmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi halkymyzy iş bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem aýdyň mysalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň Farap etrabynda nebitgaz pudagynyň täze desgasynyň işe girizilmegi bilen bu ýere ýygnananlary ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, täze bekediň işgärlerine bolsa, alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçene söz berildi.
Diplomat «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediň açylyş dabarasyna gatnaşýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, CNPC-niň Türkmenistanda işläp başlan pursadyndan bäri şu ýyl laýyk 15 ýyl dolýandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Geçen ýyllaryň dowamynda gaz pudagynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň berk esasynyň düýbi tutuldy. Şol gatnaşyklar netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasydyr.
Bu pudakda gazanylan üstünlikler ýola goýlan strategik hyzmatdaşlyga uly depgin berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda soňky döwürde gazanylan möhüm ylalaşyklary hem-de şertnamalary bilelikde durmuşa geçirmek üçin maksatlaýyn çäreler görülýär.
Ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň tapawutly aýratynlygy onuň taraplaryň däp bolan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge özara erkine we hemmetaraplaýyn taýýardygyna daýanýar diýip, dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili belledi hem-de hut şu sebäpli bu hyzmatdaşlyga halkara we sebitdäki ýagdaýlaryň üýtgemeginiň we beýleki ýagdaýlaryň täsirini ýetirmeýändigini nygtady.
Türkmenistan dünýäniň iň iri energetika döwletleriniň biridir. Hytaý bolsa türkmen «mawy ýangyjyna» islegi uly bolan döwletdir diýip, diplomat sözüni dowam etdi hem-de döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek çin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
– Şu ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basdy. Şeýle hem şu ýyl täze döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmäge girişen Hytaý üçin ähmiýetlidir – diýip, Sýan Naýçen nygtady. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin zerur işleri geçirmäge Hytaý tarapynyň taýýardygy beýan edildi.
Sözümiň ahyrynda HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk arzuw edip, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze, has ýokary derejä çykjakdygyna ynam bildirdi.
Soňra dabara gatnaşyjylaryň öňünde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) müdiriýetiniň geňeşiniň Prezidenti Hou Siszýun çykyş etdi.
Iri hytaý korporasiýasynyň ýolbaşçysy bu günki wakanyň – Türkmenistanyň Baştutanynyň gatnaşmagynda açylyş dabarasy geçirilýän «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde täze desganyň ulanylmaga berilmeginiň möhümdigini belläp, munuň her bir hytaý we türkmen hünärmeni üçin ömür boýy ýatdan çykmajak wakadygyny belledi.
Ýokary derejeli myhman Hytaýyň milli Nebitgaz korporasiýasynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa energetika pudagynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hem-de Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň düzüminde kompaniýanyň alyp barýan işlerine berýän ägirt uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
2007-nji ýylyň iýul aýynda iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama hem-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň we CNPC korporasiýasynyň arasynda tebigy gazy satyn almak we satmak boýunça şertnama gol çekilendigi bellenildi.
Şeýlelikde ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli, durnukly uzakmöhletleýin türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň binýady goýuldy.
Iki ýurduň Liderleriniň uly aladasynyň we berýän ýokary ünsiniň netijesinde, CNPC korporasiýasy we «Türkmengaz» döwlet konserni şertnamalaýyn çäkde netijeli gatnaşyk edýärler. Bu ulgamda gazanylan üstünlikler dünýäniň ünsüni özüne çekdi, halkara jemgyýetçiliginiň uly hormatyna eýe boldy.
Geljekde «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde gazyň alynyşynyň mukdaryny artdyryp, energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze, ýokary derejä çykarmak maksat edinilýär.
Türkmenistan tebigy gaz gorlaryna örän baýdyr. Hytaýyň bazarynyň bolsa geljegi uludyr. Şeýlelikde ikitaraplaýyn özara bähbitli gaz hyzmatdaşlygyny birek-biregiň üstüni ýetirýän hyzmatdaşlyk diýip häsiýetlendirip bolar diýip, Hou Siszýun aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, 2009-njy ýyldan bäri Türkmenistan Hytaýa 340 milliard kubmetr tebigy gazyny iberdi.
– Hytaý üçin Türkmenistan gaz bilen üpjün ediji ygtybarly, iri döwletdir. Hytaý bolsa Türkmenistanyň tebigy gaz söwdasy boýunça örän uly hyzmatdaşydyr diýip, hytaýly myhman ýene-de bir gezek nygtady.
Şu ýylyň başynda bilelikdäki işleriň täze ugurlaryny kesgitlän täze ylalaşyklaryň gazanylandygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, «Galkynyş» gaz käniniň ikinji tapgyrynyň özleşdirilmegi bilen, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygyny çaltlandyrmak üçin çäreler durmuşa geçirilýär.
Biz mundan beýläk-de gaz pudagynda durnukly we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmek hem-de ähli beýleki pudaklarda özara hereket etmek üçin zerur tagallalary ederis diýip, CNPC-niň ýolbaşçysy ynandyrdy.
Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň müdiriýetiniň geňeşiniň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde täze desganyň açylyş dabarasyna gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk we döwlet bähbitli işlerinde üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa gülläp ösüş arzuw etdi.
Soňra wideofilim görkezilip, onda ýangyç-energetika toplumynda Türkmenistanyň we HHR-niň netijeli gatnaşyklary hem-de «Gadyn» täze gaz ýygnaýjy bekediniň ähmiýeti beýan edildi.
Soňra alypbaryjy täze gaz ýygnaýjy bekedi ulanmaga bermegi haýyş edip, döwlet Baştutanymyza ýüzlenýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda düwmäni basyp «Gadyn» bekediniň işläp başlamagyna ak pata berdi.
Wideoşekiller arkaly onuň işi görkezilýär.
Alypbaryjy «Türkmengaz» döwlet konserniniň hünärmeni A.Akmämmedowyň awtomatlaşdyrylan gaz paýlaýjy bekedinden teleköpri arkaly ýüzlenmegine rugsat bermegini haýyş edip, döwlet Baştutanymyza ýüzlenýär.
Ýaş hünärmen Çärjew etrabynda ýerleşen kuwwatlylygy 432 MWT bolan gazturbinaly elektrik bekedi hem-de Lebap welaýatynyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmäge niýetlenen Üçajy-Zerger gaz geçirijisini ulanmaga bermek üçin ak pata bermegi haýyş edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ak pata berýär. Hünärmen degişli nurbady towlap açýar we Üçajy-Zerger turbageçirijisine gaz berlip başlanýar.
Döwlet Baştutanymyz maslahat geçirilen otagdan çykyp, toplumyň dolandyryş binasyna ugrady. Bu ýerde gaz ýygnaýjy bekediň hünärmeni merkeziň enjamlaşdyrylyşy hem-de önümçilik-tehnologik tapgyrlary barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň berýän goldawlary netijesinde täze beket kuwwatly öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilendir.
Hünärmen bu ýerde işleýän işgärleriň adyndan zähmet çekmäge hususan-da, önümçiligiň ähli tapgyrlaryna degişli gözegçiligi amala aşyrmaga döredilen ajaýyp şertler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi hem-de döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetimek üçin zerur tagallalary etjekdiklerini ynandyrdy.
Döwlet Baştutanymyz hünärmene işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp bu ýerden ugrady.