Habarlar

Gökderede dynç alyş möwsümi
5 Ýan
Gökderede dynç alyş möwsümi

      Bu gezekki möwsümde dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň 14-sini özünde jemleýän Gökderede mekdep okuwçylarynyň 7 müňden gowragy wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirerler. 

      Kompýuter we daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça gyzyklanmalar esasynda gurnaklaryň işi göwnejaý ýola goýlupdyr. Şeýle hem mugallymlary we terbiýeçileri taýýarlamak boýunça deslapky okuw-usuly çäreler geçirildi. Mugallymçylyk hünärini ele alýan talyplaryň ýüzlerçesi mugallymlaryň işjeň kömekçileri bolar. Bu möwsüm olar üçin okuw-önümçilik tejribesine öwrüler we ol hünär ukybyňy baýlaşdyrmakda has-da ähmiýetlidir. 

     Bilim, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Sport baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri bilelikde dynç alyş möwsümi üçin degişli maksatnamany taýýarladylar. Bu ýerde çagalaryň höwesine laýyklykda dürli okuwlar, bäsleşikler, duşuşyklar, sahnalaşdyrylan çykyşlar, edebi okaýyşlar, sport hem-de paýhas synanyşyklary we konsertler, çagalar kitaphanalarynyň göçme sergileri, sirk artistleriniň we Döwlet gurjak teatrynyň çykyşlary guralar.