Habarlar

Şu ýylky saýlawlar 2007 we 2012-nji ýyllaryň Prezident saýlawlaryndan düýpli tapawutlanýar
5 Ýan
Şu ýylky saýlawlar 2007 we 2012-nji ýyllaryň Prezident saýlawlaryndan düýpli tapawutlanýar

   Saýlawlar täze şertlerde we kämilleşdirilen hukuk giňişliginde geçirilýär. Mysal üçin, ilkinji gezek Prezident saýlawlaryna syýasy partiýalaryň üçüsi: Demokratik, Senagatçylar we telekeçiler hem-de Agrar partiýalary gatnaşýarlar. Täze hukuk giňişliginde geçirilýän häzirki saýlawlar Türkmenistanyň Saýlawlar kodeksinde kanun tarapyndan berkidilendir. Ol 2013-nji ýylda kabul edildi we umumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Kodekse laýyklykda Türkmenistanda doglan, ýaşy 40-dan az bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky 15 ýylda ýurtda hemişelik ýaşaýan we işleýän raýat Türkmenistanyň  Prezidentligine dalaşgärlige hödürlenip bilner. 

  Saýlaw kodeksine laýyklykda dalaşgärlige hödürlemek hukugy syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň teklipçi toparyna degişlidir. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy 1991-nji ýylda, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy 2012-nji ýylň awgust aýynda, Agrar partiýa 2014-nji ýylyň senrýabr aýynda döredildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň sentýabrynda geçirilen Ýaşulylar geňeşiniň mejlisinde şu partiýalaryň bäsleşiginiň ýurduň syýasy durmuşyna täze röwüş berjekdigini, giň bäsdeşligi üpjün etjekdigini hem-de jemgyýetiň we her bir raýatyň syýasy medeniýetini ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini, halkyň we häkimiýetiň jebisligini berkitjekdigini, demokratik düzümleri jebisleşdirjekdigini belledi. 

  Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkeziň hünärmenleri etraplara we welaýatlara yzygiderli gidip, uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuwlar geçýärler. Alnyp barylýan işleriň iň möhüm şerti--maglumat üçpjünçiligidir, onuň işjeňligini Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkeziň ýöriteleşdirilen saýty üpjün edýär.