Düýn Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça, Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleri, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek bilen bagly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
Häzirki döwürde dürli ugurlarda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy bilen bir hatarda, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbiniň has-da gözelleşmegini üpjün edýär. Şunda adamlaryň amatly ýaşaýşynyň, ýokary derejeli dynç alşynyň ýola goýulmagy esasy şert hökmünde kesgitlenildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäher häkimi Ş.Durdylyýew hormatly Arkadagymyza bu ýerde alnyp barylýan işleriň netijeleri, gurluşykda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary barada maglumat berdiler.
Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda ulanylýan gurluşyk serişdeleri, binalaryň bezeg germewleriniň aýratynlyklary, şeýle hem täze şäheriň çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde oturdyljak enjamlaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Milli Liderimiz Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň çäginde alnyp barylýan gurluşyklarda Aşgabat şäherinde ulanylan täzeçil tehnologiýalaryň, häzirki zamanyň öňdebaryjy gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmalydygyny belledi we döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, innowasion tehnologiýalary «Aşgabat-sitiniň» gurluşygynda hem peýdalanmak bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyza täze merkezde ulanyljak elektrobuslaryň we elektrotaksileriň tehniki häsiýetnamalaryny, olaryň görnüşlerini, ýolagçy ulaglarynyň reňk özboluşlylygyny beýan edýän modelirlenen şekiller hem-de taslamalar görkezildi. Hormatly Arkadagymyz merkezde ýokary ekologik ýagdaýy saklamakda, ilatyň abadançylygyny üpjün etmekde elektrobuslara we elektrotaksilere möhüm ornuň degişli boljakdygyny belläp, ýolagçy ulaglarynyň reňk taýdan özboluşly görnüşde bolmalydygyna ünsi çekdi. Şunda ýurdumyzyň howa şertlerinden we häzirki zamanyň ösen talaplaryndan ugur alynmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Hormatly Arkadagymyz merkeziň degişli düzümleriniň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşlygynyň dowamynda täze şäherde gurulýan ýerasty ulag geçelgesiniň taslamasy, şeýle hem edara binalarynyň howlulary üçin niýetlenen derwezeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze merkeziň ýol-ulag düzüminiň işiniň kämilleşdirilmeginde, ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmeginde ýerasty geçelgelere möhüm ornuň degişlidigini belläp, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň bildirilýän talaplara laýyk gelmeginiň wajyp şert bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda ýokary hil ýagdaýyna üns bermek bilen bir hatarda, bu ugurda dünýäniň ösen tejribesiniň içgin öwrenilmegi wajypdyr diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz täze merkezde gurulmagy meýilleşdirilýän metjidiň taslama görnüşleri hem-de aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, umumy meýdany 12,9 gektar bolan metjitde birbada 5,5 müň adam namaza durar ýaly şertler dörediler we onuň çäklerinde ugurdaş desgalaryň gurluşygy meýilleşdirildi. Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalaryň aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Şunda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegi, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagy möhüm talap bolup durýar.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, aýratyn-da, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdelere degişli güwänamalary almak üçin geçirilen işler, şol sanda ugur görkeziji belgilere güwänamalaryň alnandygy barada habar berdi.
Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň bildirilýän talaplaryna laýyk derejede alnyp barylmagynda möhüm ähmiýeti bolan çözgütleriň kabul edilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edilmelidigini aýtdy.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadagymyz häzirki zaman gurluşyk senagatynyň ösen ýurdy hökmünde belli bolan Wýetnam bilen bu ugurda tejribe alyşmak üçin hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň bu döwlete iş saparyna iberilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu saparyň ähmiýetli boljakdygyny belläp, toplanan tejribäniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine aýratyn orun berilmelidigini nygtady. Şunda gurluşyk işlerinde, binalaryň enjamlaşdyrylyşynda we merkeziň bezeg aýratynlyklarynda bir bitewi sazlaşyk emele gelmelidir.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bir aýyň dowamynda binalary enjamlaşdyrmagyň we degişli sazlaýyş-gurnama işlerini geçirmegiň anyk wezipelerini kesgitläp, şu döwürde öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady.
Milli Liderimiz bu ýerde işleýänleriň köpüsiniň ýaşlardygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze rejelenen görnüşine goşmaçalary girizmegiň teklip edilýändigini, şeýle hem ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmek üçin guralyň işlenip taýýarlanylýandygyny, eger-de, telekeçiler tarapyndan esaslandyrylan kärhanalaryň işgärleriniň 75 göterimi ýaşlardan ybarat bolsa, ony “ýaşlar kärhanasy” diýip atlandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny, şeýle kärhanalara döwlet goldawyny bermek üçin ýeňillikleriň göz öňünde tutuljakdygyny aýtdy.
Hormatly Arkadagymyz bu gün amala aşyrylýan beýik işleriň ösüp gelýän ýaş nesilleriň nurana geljeginiň üpjün edilmegine gönükdirilýändigini belläp, ýaşlaryň Garaşsyz Watanymyz bilen ýaşytdaşdygyna, olaryň başy başlanan möhüm wezipeleri işjeň durmuşa geçirmäge gatnaşýandyklaryna ünsi çekip, döwletimiziň ýaşlaryň geljekki ösüş ýoluny kesgitlemekleri üçin zerur tagallalary edýändigini nygtady.
Ösüp gelýän ýaş nesiller ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri has-da artdyrmak, berkarar Watanymyzyň at-abraýyny mundan beýläk-de belende götermek, milli medeniýetimizi ösdürmek ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaly däldirler diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şu günler eziz Diýarymyzda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralýan çäreleriň ähmiýetini belledi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaşlaryň döredijilikli zähmeti, göwnejaý dynç almagy ugrunda edilýän aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülendigini aýdyp, täze merkeziň gurluşygynda işleýänler üçin aýdym-sazly çykyşlaryň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Bularyň ählisi gurluşykçylary öndürijilikli zähmete ruhlandyrar, şu baýramçylyk günleri olara özboluşly sowgat bolar.
Soňra hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan dokuz gatly ýaşaýyş jaýyna baryp gördi we onda göz öňünde tutulýan şertler bilen tanyşdy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeginde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda bolşy ýaly, bu jaýyň otaglarynyň ýerleşdirilişi, aşhanasynyň enjamlaşdyrylyşy häzirki zaman talaplaryna, ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynyň öňünde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini, gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär.
Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylara işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.