Habar

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow şu günler sebitde alnyp barylýan işler, galla oragynyň depginini ýokarlandyrmak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm geçirmek, gowaça meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleri hem-de gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda welaýatda ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin toplumlaýyn çäreler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragyny ýokary hilli hem-de gysga wagtda tamamlamagyň, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda, bökdençsiz geçirmegiň, ýygnalan hasyly galla kabul ediş bölümlerine dessin daşamagyň, olary talabalaýyk saklamagyň häzirki döwrüň möhüm talabydygyna ünsi çekdi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, şeýlelikde, ýurdumyzyň bazarlarynda önüm bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda tagalla edýän daýhanlara zerur goldawlaryň berilmelidigini belledi. Şol bir wagtyň özünde welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri agrotehniki kadalara laýyk gelmelidir.

Hormatly Prezidentimiz sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýandygyny belläp, şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek hem-de ýokary hil derejesini üpjün etmek, binalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde tamamlamak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň medeni zolaklarynda bar bolan ekerançylyk meýdanlarynyň çägini giňeltmegiň, ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak, suwdan tygşytly peýdalanmak maksady bilen, uzak ýaýlalarda we düzlüklerde ekilýän ekinleriň meýdanyny azaltmak meselelerini öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragynyň depginleri, şeýle hem orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň geçirilişi, gant şugundyrynyň ekişi barada hasabat berdi. Sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şeýlelikde, içerki bazarlarda önüm bolçulygy üpjün edilýär. Häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň depginlerini ýokarlandyrmak, binalarda gurluşyk işlerini bellenen möhletde tamamlamak ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragynda ulanylýan kombaýnlaryň, ýük ulaglarynyň doly güýjünde işledilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şeýle-de tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, aýratyn-da, gowaça ekilen ýerlerde alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki kadalara we daýhançylygyň ösen tejribesine laýyk gelmelidigini, gant şugundyrynyň ekişiniň ýokary hilli geçirilmelidigini belledi. Şu günler ýeralma, gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen içerki bazary doly üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler möhüm bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda dowam edýän gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, olaryň bellenen möhletinde we ýokary hil derejesinde ulanmaga tabşyrylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatyň uzakdaky ýaýlalarynda ekilýän ekinleri medeni zolaga geçirmek meselelerini ekerançylygyň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda öwrenmegi tabşyrdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow welaýatdaky işleriň ýagdaýy, galla oragyny toplumlaýyn esasda guramak, gowaçalara ideg etmek, şaly meýdanlaryndaky işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, bu önümler bilen ilatymyzy doly üpjün etmek boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin maglumat berdi. Şu ýyl sebitde gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek ugrunda zerur işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda galla oragyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň, tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda ýola goýmagyň zerur talap bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri agrotehniki kadalara laýyk gelmelidir. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergini geçirmek, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini talabalaýyk ýola goýmagy tabşyrdy. Ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek, zaýasyz ýygnap almak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde sebitiň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri talabalaýyk ýola goýulmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, olary bellenen möhletlerde ulanmaga bermek meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryny netijeli ulanmak meseleleri barada aýdyp, medeni zolakda ekilýän ekinleriň meýdanyny giňeltmek, ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak, suwy tygşytly peýdalanmak meselelerini häzirki zaman oba hojalyk ylmynyň gazananlary esasynda öwrenmegi tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, galla oragynyň depginlerini güýçlendirmek, gowaça agrotehniki talaplara laýyk derejede ideg etmek işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almak hem-de bazarlarda önüm bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşmak ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berildi. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Häkim welaýatyň çäginde gurulýan dürli maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada aýdyp, gurluşyklaryň ýokary hil derejesini üpjün etmek we olary bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragyny ýokary hilli we gysga möhletde tamamlamak, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle-de orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmelidir. Döwlet Baştutanymyz gowaça we şaly ekilen meýdanlara talabalaýyk derejede ideg edilmelidigini nygtady. Arkadagly Serdarymyz bu ugurdaky işleri öňdebaryjy tejribäni hasaba alyp hem-de halkymyzyň daýhançylyk däplerine laýyklykda ýola goýmak babatda anyk görkezmeleri berdi. Daýhan yhlasy bilen ösdürilip ýetişdirilen ýeralmany, gök we bakja ekinlerini öz wagtynda ýygnap almak, bazarlarda önüm bolçulygyny üpjün etmek möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz welaýatyň uzak ýaýlalarynda we düzlüklerinde ekilýän ekinleri medeni zolaga geçirmek meselelerini ylmy esasda öwrenmegi tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki döwürde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyny guramaçylykly tamamlamak we ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamak, ony gaýtadan işlemek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunda orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýola goýuldy. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasyly ýetişdirilýär, olary ýitgisiz ýygnap almaga möhüm ähmiýet berilýär.

Häkim welaýatda gant şugundyrynyň ekişine guramaçylykly girişilendigini belläp, ony ýokary hilli we bellenen möhletlerde tamamlamak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdy. Sebitiň ýolbaşçysy Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak boýunça hemmetaraplaýyn tagallalar edilýändigi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň degişli derejede ýola goýulmagynyň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigine ünsi çekdi. Olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz gowaçalara edilýän ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk gelmeginiň, welaýatda ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň, içerki bazarlarda önüm bolçulygyny üpjün etmek ugrunda edilýän işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek, olary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek meselelerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlarynyň medeni zolaklara geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri düýpli öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler barada hasabat berdi. Döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär, sebitlerde galla oragy bilen bir hatarda, gowaça meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar, oba hojalyk tennikalary we gurallary bökdençsiz işledilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär. Balkan we Mary welaýatlarynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi batly depginde dowam edýär. Mundan başga-da, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak işleriniň alnyp barylýandygy barada maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragyny ýokary hilli we gysga möhletde üstünlikli tamamlamak, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz geljekki bol hasylyň düýbüni tutmak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini ýokary hilli geçirmek, tohumlyk serişdeleriň hil derejesine möhüm ähmiýet bermek, şol bir wagtyň özünde suwy rejeli peýdalanmak meselelerine häzirki zaman ylmy we milli daýhançylyk däpleri esasynda çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda ekinleri suw bilen üpjün etmegiň talabalaýyk ýola goýulmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere ýakyn wagtda Kerki şäherine gitmegi we şol ýerde hemişelik esasda dolandyryş merkezini guramagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz suwuň ýagdaýyna görä, merkeziň göçme mejlisleriniň geçirilmeginiň talabalaýyk boljakdygyny belläp, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen doly üpjün edilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, obasenagat toplumynyň işini talabalaýyk ösdürmek, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suwaryş akabalaryny, howdanlary talabalaýyk saklamak bilen baglanyşykly wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini, bu işleri döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça degişli gulluklar bilen bilelikde teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi ýurdumyzda uludan bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler. Hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirip, olary bu ajaýyp baýram bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.