Habarlar

Türkmenistanda Koreýa Halk Demokratrik Respublikasynyň Ilçisi işläp başlady
18 Ýan
Türkmenistanda Koreýa Halk Demokratrik Respublikasynyň Ilçisi işläp başlady

     2017-nji ýylyň 17-nji ýanwary. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kim Hen Çžundan ynanç hatyny kabul etdi.

    Duşuşygyň barşynda ilçi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän durmuş ugurly içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda—iri halkara we abraýly sebit guramalarynyň ugry boýunça dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. 

    Kanunçykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek maksadynda türkmen parlamentiniň işlerine aýratyn üns berildi. 

    Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanmanyň we taýýarlygyň bardygy tassyklanyldy. Jenap Kim Hen Çžun iki döwletiň eýe bolan mümkinçiliklerini hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak bilen, Türkmenistanyň we KHDR-iň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge goşant goşmaga çalyşjakdygyny aýtdy.