Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň 2022-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleri hem-de “Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Degişli düzümleriň işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler hasabatyň aýratyn meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ýaragly Güýçleriň düzüminde ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Kararlaryň, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň Meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýrugyň taslamalary hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň çäklerinde öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hödürlenen resminamalara gol çekip, Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglarynyň geçirilip başlanýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe, içeri işler ministri M.Hydyrowa, milli howpsuzlyk ministri G.Annaýewe, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýewe ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň okuw mekdeplerinde geçiriljek giriş synaglarynyň bellenen kadalara doly laýyk geçirilmegine, şeýle hem okuwlara mynasyp ýaşlaryň kabul edilmegine berk gözegçilik etmek tabşyryldy. Şol bir wagtyň özünde ugurdaş okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, olarda okatmagyň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagyna üns çekildi.
Harby we hukuk goraýjy edaralarynda gulluk edýän ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginiň, olaryň arasynda hukuk bozulmalaryň öňüni almak boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe käýinç yglan etdi.
Soňra Baş prokuroryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji B.Begmyradow prokuratura edaralarynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem “Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň razylygy bilen, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi S.Mälikgulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, B.Begmyradow Baş prokuroryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
Mejlisiň dowamynda S.Mälikgulyýew bildirilen ýokary ynam üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, kanunçylygyň berk berjaý edilmegi, ýurdumyzda hukuk tertibiniň berkidilmegi, halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda ähli tejribesini, başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. S.Mälikgulyýew Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, harby kasama wepaly boljakdygyna, halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize ak ýürekden gulluk etjekdigine ynandyrdy.
Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow IIM-niň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň hemmetaraplaýyn berjaý edilmegi, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde degişli tertip-düzgüni saklamak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, “Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasy taýýarlanyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ministrligiň düzümleýin bölümleriniň işiniň kämilleşdirilmegine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýol hereketiniň howpsuzlygyna häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we üpjünçilik ulgamynyň işjeň ornaşdyrylmagynyň wajypdygy barada aýdyp, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän dynç alyş merkezlerinde hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýändigini nazara alyp, içeri işler ministrine zolagyň ähli çäklerinde jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň, şeýle hem ýol hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň doly berjaý edilmegine berk gözegçiligi ýola goýmak tabşyryldy.
Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow milli kazyýet ulgamynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Kazyýet ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda, mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda ýerine ýetirilýän anyk işler barada aýdyp, düzümiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň garamagyna “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kazyýet edaralarynyň adyl kazyýetliligi amala aşyrmak arkaly, adamlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goraýandyklaryny belledi. Kazyýet edaralarynyň işi kanunylygy, adalatlylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge, hukuk düzgüniniň bozulmalaryna getirýän sebäpleriňdir şertleriň aradan aýrylmagyna gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz bu düzümiň üstüne ýüklenen ygtyýarlyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin kazylaryň hünär taýýarlygynyň ýokary bolmalydygyna ünsi çekip, Ýokary kazyýetiň başlygyna kazylary saýlap-seçip almak, işgärleri ýerbe-ýer goýmak, olaryň hünär taýýarlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmagy tabşyrdy. Şunda düzümiň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew şu ýylyň alty aýynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi hem-de “Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletimizde howpsuzlygy üpjün etmekde Milli howpsuzlyk ministrligine möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu düzümiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi. Ministrligiň işine häzirki zamanyň ösen tejribesini, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine zerur üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda ministre anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, milli howpsuzlyk ministri G.Annaýewe käýinç yglan etdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goraglylygyny üpjün etmek, serhetçileriň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem “Türkmenistanyň serhet goşunlarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Döwlet serhedini dost-doganlyk serhedine öwürmek ugrunda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda halkara hyzmatdaşlygyň häzirki zaman ýörelgelerinden, ösen tejribelerden ugur alynmalydyr.
Soňra adalat ministri M.Taganow şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny häzirki döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň adalat ulgamynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen resminamanyň taslamasy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de öňde durýan ilkinji nobatdaky wezipeler hakynda aýdyp, raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölümleriniň häkimlikleriň garamagyndan aýrylyp, Adalat ministrliginiň garamagyna geçirilendigini, onuň işleri has-da kämilleşdirmek we utgaşykly ýerine ýetirmek maksatlary bilen amala aşyrylandygyny belledi. Şonuň üçin bu bölümleriň işi has-da kämilleşdirilmelidir we ähli howpsuzlyk talaplary göz öňünde tutulyp, bir bitewi sanly ulgamyň üsti bilen döwrebap derejede guralmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda kabul edilýän her bir kadalaşdyryjy hukuk namasynyň kanunlaryň kadalaryna doly laýyk gelmelidigini belläp, kanunçylyga hukuk bilermenler seljermesini ýokary derejede geçirmek babatda tabşyryk berdi.
Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bu ugur boýunça dünýäniň ösen tejribesini öwrenmek ugrunda edilýän işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgeleriniň ähmiýetini artdyrmagyň çäklerinde döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak ugrunda giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygyny, şunda ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurtlara ugratmakda gümrük işleriniň talabalaýyk derejede ýola goýulmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary döwletlerden ýurdumyza getirilýän harytlaryň hil babatda degişli görkezijilere doly laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, gullugyň ýolbaşçysyna ýurdumyza getirilýän harytlaryň resmileşdirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gullugyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we olaryň işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem migrasiýa ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen resminamanyň taslamasy barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Şeýle hem häzirki döwürde ozal girizilen çäklendirmeleriň kem-kemden aradan aýrylýandygy, raýatlaryň daşary ýurtlara gitmek-gelmek meselelerine mümkinçilikleriň döredilýändigi bellenildi. Birnäçe ýurtlar bilen howa gatnawlarynyň ýola goýlandygyny nazara alyp, döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna gözegçilik edýän düzümleriniň işine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamalaryny tassyklamak hakynda degişli resminamalara gol çekdi. Bu maksatnamalar döwletimizde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine gönükdirilendir hem-de hemişelik Bitaraplyk syýasatyndan ugur alnyp, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.
Maksatnamalarda döwletimiziň goranmak ukybyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň howpsuzlygyny hem-de çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylygymyza ornaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini innowasion tehnologiýalar esasynda, sanly ulgam arkaly has-da döwrebap derejede guramak bilen bagly örän möhüm wezipeler göz öňünde tutuldy diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň bellenilen möhletlerde, doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerip, dünýä ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýandygyny belledi. Şoňa görä-de, biziň şu maksatlara esaslanyp kabul eden Harby doktrinamyz hem goranyş häsiýetine eýedir. Biz goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdireris. Ýurdumyzyň goranmak ukybyny has-da berkideris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigini belläp, döwletimiziň geljekde-de bu ugurda ähli zerur çäreleri görjekdigini aýtdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.