Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileriniň söwdalarynyň esasyny düzdi. Mundan başga-da, Owganystanyň işewürleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 535 müň 500 dollaryna barabar boldy.
Manat serişdelerine Türkiýäniň işewürler toparlarynyň wekilleri bahasy 390 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň işewürleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen, jemi bahasy 80 million manada golaý bolan owradylan tehniki kükürdi, el halylaryny satyn aldylar.