Habar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy we birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak maksady bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Häzirki döwürde Mejlisiň şu ýylyň 16-njy iýulynda geçiriljek altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky on dokuzynjy maslahatyna taýýarlyk görülýär. Mejlisiň wekilleri Halk Maslahatynyň agzalary bilen bilelikde şu ýylyň 2 — 6-njy iýuly aralygynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň işine gatnaşdy. Mejlisiň deputatlary halkara hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksadyndan ugur alyp, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde okuw maslahatlaryny geçirdiler.

Mejlisiň wekilleri täze taryhy eýýamyň talaplaryndan ruhlanyp, Watanymyzyň durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň esasy ugurlaryny, döwletimiziň halkara başlangyçlaryny, içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmek, olaryň ähmiýetini düşündirmek boýunça guralýan çärelere gatnaşýarlar.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli parlamentiň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada maglumat berdi.

Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ýaşlar baradaky döwlet syýasaty babatda hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen kanunçylyk namalary boýunça ara alyp maslahatlaşmalar geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze kabul edilen Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ugurlaryna degişli kanunçylyk namalaryny seljermek we täze taslamalary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Halk Maslahatynyň agzalary ýurdumyzyň syýasatda, ykdysadyýetde we halkara gatnaşyklarda, döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanýan üstünliklerini wagyz etmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň möhüm wezipelerini, halkara hukuk tejribesiniň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen kämilleşdirilýän hukuk binýadyny berkitmek boýunça Milli Geňeşiň alyp barýan işleriniň ähmiýetlidigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Wise-premýer zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak we zähmet bazarynyň meselelerini utgaşdyrmak boýunça özgertmeleriň çäklerinde amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda döwlet edara-kärhanalarynyň wezipe sanawlaryny tassyklamak we ylalaşmak boýunça işler Zähmet kodeksiniň talaplaryna laýyk gelýän degişli Tertipnama esasynda alnyp barylýar. Wise-premýer “Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek hem-de edara-kärhanalaryň wezipe sanawyny tassyklamagy düzgünleşdirmek maksady bilen, bu Tertipnamanyň taslamasynyň rejelenen görnüşde taýýarlanylandygyny aýdyp, resminamanyň düzgünleri hakynda maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilaty iş bilen üpjün etmegiň ýokary derejesini saklamagyň döwletimiziň durmuş syýasatynyň möhüm ugrudygyna ünsi çekdi. Bu ugurda wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin halk hojalygy toplumynyň ýokary depginde ösdürilmegi, maýa goýum işjeňliginiň artdyrylmagy, giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi möhüm şert bolup durýar. Ykdysady özgertmeleri giňden amala aşyrmagyň çäklerinde adamlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegini nazarlaýan zähmet bazary kemala gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de degişli meseleleri jikme-jik öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Balkan welaýatyndaky Uzynada meýdançasyny özleşdirmek hem-de onuň çägini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda bu ýerde ýerasty baýlyklary özleşdirmek hem-de buraw işlerini maddy-enjamlaýyn babatda üpjün etmek, guýularyň durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilen geologiýa-gözleg işleri esasynda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan baý uglewodorod serişdelerini netijeli ulanmak we onuň çägini giňeltmek maksady bilen, Uzynada meýdançasynda 7 müň 300 metr çuňlukdan nebit we tebigy gaz alyndy. Munuň özi nebitiň çykarylýan mukdarynyň artdyryljakdygyna hem-de bu käniň çäginiň has-da giňeldiljekdigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýakyn geljekde bu ýerde degişli işleriň geçirilmeginiň ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz sebitiň tebigy serişdelerini senagat taýdan gaýtadan işlemegi kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ýerde geologiýa-gözleg işlerini dowam etdirmegiň zerurdygy babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzyň sebitlerinde suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şu günler gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg işleri geçirilýär, şol sanda hatarara bejergi hem-de mineral dökünleri bermek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýygnalan bugdaý hasylyny talabalaýyk saklamak maksady bilen, ony kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak, geljek ýylyň bol hasyly üçin bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri dowam etdirilýär.

Bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm we ýerleri tekizlemek işleri utgaşykly geçirilýär. Aralyk oba hojalyk ekinlerini ekmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek ugrunda geçirilýän degişli çäreler barada hem hasabat berildi.

Wise-premýer ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde Daşoguz welaýatynda degişli çäreleriň geçirilýändigi barada hasabat berdi. Häzirki wagtda sebitde suwaryş akabalary arassalanylýar, içerki suw serişdelerini tygşytlamak maksady bilen, zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak ugrunda yzygiderli geçirilýän çäreleriň, sürümli ýerleriň we tehnikanyň netijeli peýdalanylmagynyň ýurdumyzyň gallaçylyk pudagynda gazanylýan üstünlikleriň binýadydygyny nygtady hem-de bugdaý oragyny üstünlikli tamamlamak, ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreleri görmek barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasyla hasyl goşulýan şu gyzgalaňly döwürde gowaça ideg işlerini güýçlendirmegiň, onda agrotehnikanyň talaplaryna berk eýermegiň möhümdigini belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz gök-bakja ekinlerini, şol sanda ýeralmany hem-de beýleki oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berilýän ekin meýdanlarynyň giňeldilmeginiň, olaryň öndürilýän mukdaryny artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, meýdan işlerinde agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegine, bu çäreleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şunda oba hojalyk pudagyna ylmyň häzirki zaman gazananlarynyň, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň hem-de tutuşlygyna ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde ekerançylygyň medeniýetiniň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan himiýa senagatyny ösdürmek, pudagyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak arkaly himiýa önümleriniň möçberlerini artdyrmak babatdaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen yzygiderli işler geçirilýär.

Ahal welaýatynda gurlan gazdan benzin öndürýän zawodda EСO-93 kysymly benzin, suwuklandyrylan gaz hem-de kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasy öndürilýär. Ýanwar — iýun aýlarynda meýilnama 120,8 göterim ýerine ýetirildi. Wise-premýer zawody doly taslama kuwwatyna çykarmak hem-de önümleri amatly bahalardan ýerlemek maksady bilen, zawodyň çäginde goşmaça ammarlar toplumyny gurmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu babatda halkara bäsleşigi yglan etmek baradaky teklibi beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenilen teklibi makullady hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça dünýäde ilkinji zawodyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu iri kärhananyň ekologik taýdan arassa önümlerine dünýä bazarlarynda barha uly isleg bildirilýändigini belläp, onda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde şu ýylyň 11 — 14-nji oktýabry aralygynda geçiriljek “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwalyň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi. Bu festiwal hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn halkara syýasatynyň çäklerinde geçirilip, onda medeni diplomatiýa aýratyn orun degişlidir.

Häzirki wagtda “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwalyň Düzgünnamasy işlenip taýýarlanyldy. Festiwalyň çäklerinde halk senetçiliginiň we amaly-haşam sungatynyň dürli ugurlary boýunça sergi-ýarmarkalary guramak, ussatlyk sapaklaryny, ylmy-amaly maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara bileleşikdäki belent abraýynyň diňe bir ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty bilen däl-de, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy bilen hem şertlendirilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda toplanylan ägirt uly milli mirasymyz, häzirki döwürde ony aýawly saklamak hem-de ösdürmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işler Watanymyzyň dünýäniň medeni giňişliginde eýeleýän ornunyň ähmiýetlidiginiň ýene bir subutnamasydyr.

Halkara derejeli şeýle medeni forumyň geçirilmegi amaly-haşam sungatynyň gadymy çeşmelerini içgin öwrenmekde, dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly bellenilen möhletlerde geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň iýun aýynda kabul eden Kararyna laýyklykda, bu çempionaty 2020-nji ýylda geçirmek meýilleşdirilipdi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara sambo federasiýasy bilen bilelikde degişli guramaçylyk işleri hem ýerine ýetirildi. Ýöne dünýäde emele gelen epidemiologik ýagdaýlar sebäpli, Halkara sambo federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 2022-nji ýylyň 27-nji aprelinde geçirilen mejlisinde Sambo boýunça dünýä çempionatynyň 2025-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilmegi baradaky çözgüt kabul edildi. Bu teklip ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söweş sungaty milli federasiýasy bilen bilelikde öwrenildi we goldanyldy.

Iri halkara ýaryşy 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilmegi we çempionaty ýokary derejede guramak boýunça guramaçylyk toparynyň döredilmegi hem-de Halkara sambo federasiýasy bilen Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň arasynda Goşmaça ylalaşygy baglaşmaga ygtyýar berilmegi teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda Sambo boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, onuň Garaşsyz Türkmenistanyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende götermekde, daşary ýurtlar bilen däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmakda ähmiýetlidigini nazara almak bilen, iri halkara ýaryşyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, ýaş nesilleri sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işleriň Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söweş sungaty milli federasiýasy bilen bilelikde geçirilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýurdumyzyň sambo boýunça milli ýygyndy toparynyň düzümine iň gowy türgenleri saýlap almak hem-de olary bu halkara ýaryşa taýýarlamak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem goňşy döwletler bilen gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Türkmenistan Özbegistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýär.

2007 — 2022-nji ýyllar aralygynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň derejesinde özara saparlaryň 25-si guraldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýady şu günki güne çenli iki döwletiň arasynda gol çekilen döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 246-sy bilen berkidildi. Iki ýurduň sebitleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna 14-15-nji iýulda meýilleşdirilýän saparyň maksatnamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen nygtady. Şol gatnaşyklar iki ýurduň doganlyk halklarynyň taryhyň dowamynda kemala gelen gatnaşyklaryna hem-de medeni-ruhy umumylygyna esaslanýar. Bu gün döwletara gatnaşyklar taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, yzygiderli we okgunly ösdürilýär, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenistan we Özbegistan BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň, YHG-nyň hem-de beýleki abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde-de netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-birege özara goldaw berýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki gepleşikleriň wajypdygyny belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şol saparyň barşynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, onuň köpugurly mümkinçiliklerinden peýdalanmaga ýardam etjek resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu forum halkara we sebitara derejede häzirki zaman ulag-logistika ulgamynyň hereketiniň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. Ony şu ýylyň 18-19-njy iýulynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Maslahatyň çäklerinde Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Iş komitetiniň üçünji mejlisiniň we Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran hem-de Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe geçelgeleri boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň birinji iş duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Maslahatyň gün tertibine ekologiýa, durnukly ösüş ulgamy, pudagy ösdürmekde ylmyň we bilimiň orny, sanlylaşdyrmak ýaly möhüm meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman şertlerinde ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde ähmiýetli orun eýeleýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjek halkara maslahatyň ähmiýetini nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi we ähli ugurdaş meseleleri öz wagtynda, utgaşykly çözmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory “Sanly çözgüt — 2022” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Programma üpjünçiligini we innowasion usullary işläp taýýarlaýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzda 2020-nji ýylda innowasion taslamalaryň bäsleşigine badalga berildi.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Konsepsiýada, 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, täzeçil programma üpjünçiligini taýýarlamak we olary ornaşdyrmak hem-de beýleki degişli ugurlar bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, “Sanly çözgüt — 2022” bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryny geçirmek meýilleşdirilýär. Ony saglygy goraýyş, ylym we bilim, ulag-logistika, elektron senagat, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy ugurlarynda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda ähli pudaklary sanlylaşdyrmak, önümçilige ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Munuň özi pudaklaryň işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün eder.

Döwlet Baştutanymyz dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmegine ünsi çekip, “Sanly çözgüt — 2022” innowasion taslamalar bäsleşigini geçirmek baradaky teklibi makullady hem-de onuň ýaşlaryň zehinini we ukybyny ýüze çykarmakda aýratyn ähmiýetli boljakdygyny belläp, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Hökümetiň mejlisinde beýleki birnäçe möhüm meselelere hem seredilip, pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.