2022-2028-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň gümrük edaralaryny ösdürmek meýilnamasy, şeýle hem bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň kabul eden Karary bilen tassyklandy.
Kabul edilen Maksatnama ýurdumyzyň gümrük edaralarynyň ähli taraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Gümrük kanunçylygynyň binýadyny berkitmek, halkara söwdasynyň ösmegine ýardam bermek, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini ösdürmek üçin şertleri döretmek, "Eksport-import amallary üçin bir penjire" ulgamyny ýola goýmak bilen, daşary ykdysady işi, şol sanda edilýän hyzmatlary sanly ulgam arkaly alyp barmagy üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek - şu we başga-da birnäçeler geljek ýedi ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň öňünde durjak möhüm meselelerdir.
Mundan başga hem, Gümrük gullugy gümrük işi babatda täze innowasion tehnologiýalary, şol sanda sanly tehnologiýalary giňden ulanmak bilen maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek, daşary ýurtlaryň gümrük gulluklary bilen baglaşylan şertnamalar esasynda elektron maglumaty alyşmagy ýola goýmak ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirmelidir.
Maksatnamany ýerine ýetirmegiň netijesi boýunça, Türkmenistanda döwrebaplaşdyrylan häzirki zaman gümrük ulgamynyň döredilmegine garaşylýar. Häzirki zaman gümrük ulgamy bolsa öz gezeginde milli önüm öndürijileriň çykarýan önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny atdyrmaga we ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam eder.