Habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzda ulag logistikasyny ösdürmek barada birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Bu ugur boýunça Daşoguz welaýatynyň ülkäni we taryhy öwreniş muzeýinde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komtetiniň işgärleriniň,  Türkmenhowaýollary agentliginiň Daşoguz halkara howa menziliniň marketing boýunça esasy inžineriniň, Türkmendemirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işgärleriniň, Daşoguz awtoýol gümrük nokadyndaky “Owadan näzli” Hojalyk jemgyýetiniň uly wekiliniň, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň Daşoguz şäheri boýunça bölüminiň wekiliniň, Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylar şu ýylyň 18-19-njy iyulynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirlen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanşyk we ösüş” atly halkara maslahatyň geçirilmegi ulag üstaşyr hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň has-da giňeltmäge mümkinçilik berýändigini belläp geçdiler.

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik mümkinçilikleriniň ykdysady taýdan amatlydygyna aýratyn üns berilýär. Gurluşygy batly depginde dowam edýän Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portynyň, Halkara howa menzilleriň, Demirgazyk-Günorta demirýol geçelgesiniň, Tejen-Sarahs-Maşat, Serhetabat-Turgundy, Atamyrat-Ymamnazar-Akina-Andhoý ýaly ugurlar boýunça açylan demirýollayň ähmiýeti örän uludyr.

         Eziz Diýarymyzyň ösüşiň täze belentliklerini nazarlap, bedew bady bilen öňe gitmegi Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändiginiň alamatydyr.