Habar

2022-nji ýylyň 26-njy awgustynda özbek tarapynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi.

Iş duşuşygynyň esasy mowzugy türkmen-özbek serhedindäki Farap-Alat gözegçilik-geçiriş ýeriniň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşmak boldy. Taraplar gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işi we ony kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada maglumat alyşdylar. Serhetde ýüze çykýan meseleleri dessine çözmek maksady bilen tiz-tizden iş duşuşyklaryny geçirip durmak barada ylalaşdylar.

Iki gullugyň arasynda gümrük maglumatlaryny deslapdan alyşmak baradaky teswirnamany durmuşa geçirmek boýunça işleriň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, taraplar 2023-nji ýylyň ýanwaryndan maglumat alyşmagy ýola goýmagy ylalaşdylar.  

Duşuşykda sanly TIR ulgamyny ornaşdyrylmagy we üstaşyr amallarynyň ýeňilleşdirilmegi barada meseläniň üstünde durulyp geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurlygy barada biragyzdan pikir aýtdylar.