Habarlar

Türk önüm öndürijileri türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýarlar
24 Few
Türk önüm öndürijileri türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýarlar

    2017-nji ýylyň 23-nji fewralynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işini tamamlady. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de “Meridýen Uluslararasi Fuarçilik” türk kompaniýasy tarapyndan bilelikde guraldy.

   Nobatdaky gözden geçiriliş türk işewürleriniň eksport kuwwatyny we mümkinçiliklerini hem-de ägirt uly gyzyklanmasyny görkezdi. Türk işewürleri okgunly ösýän hem-de uzakmöhletli hyzmatdaşlygyň täze ugurlary bilen daşary ýurtly işewürleriň ünsüni özüne çekýän türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkidýärler.

   Sergä gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Ibrahim Şeneliň ýolbaşçylygyndaky işewürler wekiliýeti Aşgabada geldi. Ol esasy senagat merkezlerine, şol sanda Stambul we Izmir şäherlerine hem-de ýurduň Ortaýer we Gara deňizleri sebitleriniň iri senagat merkezlerine wekilçilik edýär.

   Serginiň üç gününiň dowamynda onuň meýdançalarynda sergä gatnaşýan kompaniýalaryň tanyşdyrylyşy boldy, häzirki we geljekki hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi. Ýurdumyzyň telekeçileri uly işjeňlik görkezdiler, olar hem täze taslamalaryň we teklipleriň üstünde bilelikde işlemäge gyzyklanma bildirýärler.

   “Day Turkish Turizm” syýahatçylyk agentligi tarapyndan taýýarlanan köpsanly bannerler sergä özboluşly milli öwüşgin çaýdy. Olarda Türkiýe Respublikasynyň täsin taryhy ýadygärlikleri we onuň häzirki zaman şäherleriniň ajaýyp ýerleri barada gürrüň berilýär.