Habar

2022-nji ýylyň 22-26-njy awgusty aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň we Bütindünýä gümrük guramasy bilen bilelikde Strategik harytlaryň söwdasy, dessin maglumatlar, üstaşyr daşamalar we olaryň ýüklenip düşürilişi bilen bagly kada bozulmalary we eksport gözegçiligi boýunça Sebitleýin okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahaty Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Gazagystan Respublikasynyň gümrük gulluklarynyň işgärleri üçin guraldy.

Çäräniň maksatnamasy strategik harytlaryň söwdasy, eksport gözegçiligi we dessin maglumatlary ulanmak, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 1540 belgili kararyny ýerine ýetirmek boýunça meseleleri öwrenmäge gönükdirilen. Üstaşyr daşamalary we olaryň ýüklenip düşürilmegi bilen bagly kada bozulmalara barada hem dürli maglumatlar berildi.

Okuw maslahatyna gatnaşan türkmen, azerbaýjan we gazagystanly gümrük işgärleri sanalan ugurlar boýunça öz milli tejribeleri bilen paýlaşdylar. Şeýle hem, olar şol ugurlarda BMG-a agza ýurtlaryň iň oňat tejribeleri bilen tanyşdylar.