Habar

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde Aşgabat şäher we welaýat gümrükhanalarynyň tabynlygyndaky gümrük edaralarynyň gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş bölümleriniň işgärlerinden ybarat bolan topar hünär taýdan kämilleşdiriş okuw kursuny geçýär. Okuw çäresiniň maksady gümrük kadalarynyň bozulmalarynyň öňüni almakda degişli işleri geçirmekde işgärleriň taýýarlygyny ýokarlandyrmak bolup durýar. Bu hünär taýdan kämilleşdiriş okuw kursy 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda başlady.

Okuw çäresiniň dowamynda, gadagan edilen harytlaryň ýurdumyzyň çägine getirilmeginiň öňüni almak boýunça umumy we amaly sapaklar göz öňünde tutulan. Geçilýän dersleriň diňleýjiler tarapyndan oňat özleşdirilmegi üçin Okuw merkeziniň mugallymlary okuw sapaklarynyň dowamynda innowasion okuw esbaplaryndan hem-de gümrük işiniň häzirki zaman usullary boýunça gollanmalaryndan peýdalanýarlar. Umumy we amaly sapaklaryň jemleri boýunça okuw kursuna gatnaşyjylar aralyk hem-de jemleýji synaglary tabşyrýarlar.

Bu okuw çäresinde hünär taýdan kämilleşdiriş okuw maksatnamasyna iňlis dili dersi hem girizildi.  Munuň özi, hünär taýdan kämilleşdiriş okuw kursuny geçýän gümrük işgärleri üçin öz wezipe borçlaryny has netijeli ýerine ýetirmek, iňlis dilinde doldurylýan gümrük resminamalaryny okap bilmek hem-de gümrük nokatlarynda ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlar we ýolagçylar bilen gümrük resmileşdirmesi bilen bagly sorag-jogap alyşyp bilmek babatda oňat mümkinçilikdir.