Habar

2022-nji ýylyň 20-22-nji sentýabry aralygynda ýaraglaryň we ýaragyň bölekleriniň, partlaýjy maddalaryň, ok-därileriň, pullaryň we beýleki harytlaryň bikanun dolanyşygy bilen baglanyşykly serhetüsti jenaýatlary dereňemek meselesine bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahaty Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMCA 10) tarapyndan guraldy.

Okuw maslahata Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan üç sany işgär gatnaşdy. Maslahatyň barşynda, oňa gatnaşyjylar Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda guramaçylykly serhetüsti jenaýatlary dereňemek üçin ulanylýan çemeleşmeler we usullar öwrenildi. Litwanyň gümrük jenaýat gullugynyň Jenaýat agtaryş bölüminiň hünärmenleri bu ugurda öz tejribesi bilen paýlaşdylar.

Okuw maslahatynyň netijesi boýunça degişli ugurda gollanmanyň mazmuny ara alnyp maslahatlaşyldy we işlenip düzüldi.