Habar

2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky hyzmatdaşlygy geljekde çuňlaşdyrmak we giňeltmek boýunça bilelikdäki çäreleriň 2022–2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň çäginde döredilen bilelikdäki işçi toparyň birinji duşuşygy bolup geçdi. Duşuşyk, wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.   

Iş duşuşygynyň maksady Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmak. Hususan-da, gümrük maglumatlarynyň deslapky alyş-çalşygyny guramak, gümrük işgärlerini

Ň hünär taýdan taýýarlygy babatda hyzmatdaşlyk etmek ýaly meselelere seredildi. Taraplar, şeýle-de 2022-2025-nji ýyllar üçin gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş babatynda hyzmatdaşlygyň meýilnamasyna garadylar.

Rus tarapy, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda azyk önümlerini daşaýan ygtyýarly ykdysady operator (YYO) derejesine ýa-da töwekgelçiligiň pes derejesine eýe bolan türkmen we rus kompaniýalary üçin gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegi we çaltlaşdyrmagy göz öňünde tutýan resmihnamanyň taslamasyny teklip etdiler.  

Duşuşygyň ahyrynda, taraplar özara peýdaly hyzmatdaşlygy mündan beýläk hem ösdürmäge we berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.