Habar

2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň Özbegistanly kärdeşleri bilen «Sanly TIR» ulgamyny ornaşdyrmakda tejribe alyşmak boýunça wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi.

Bu iş duşuşygy, Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komiteti tarapyndan «Sanly TIR» taslamasyna goşulyşmak baradaky teklibini hemmetaraplaýyn öwrenmek maksady bilen guraldy.

Bellenilişi ýaly, Özbegistanyň gümrük edaralarynda gümrük amallary sanlylaşdyrmak işine 2002-nji ýylda badalga berildi. E-TIR taslamasy 2021-nji ýylda güýje girip, ol halkara ýol gatnatmalaryny sanlylaşdyrmak bilen, olaryň howpsuzlygyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. «Sanly TIR» taslamasynyň maksady, 1975-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky MDP depderçesini ulanmak bilen Ýükleriň halkara daşalmagy hakyndaky Gümrük konwensiýasyna düzgünlerine laýyklykda üstaşyr geçirilýän harytlar, ulag serişdeleri ýa-da konteýnerler barada gümrük gulluklaryň arasynda maglumatlaryň ygtybarly alyş-çalşygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Bu taslama Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň arasynda işe girizilen.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan hem gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça agramly işleriň alnyp barylýandygy, aýratyn-da ASYCUDA WORLD gümrük maglumat ulgamyna, TIR-EPD ulgamynyň ornaşdyrylandygy hem-de häzirki wagtda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” taslamasyny işe ornaşdyrmak boýunça işleriň giň gerime eýedigi bellenildi. «Sanly TIR» taslamanyň Türkmenistanyň gümrük edaralary üçin gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi.

Duşuşygyň barşynda, şeýle-de özara hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Hususan-da, türkmen-özbek gözegçilik-geçiriş ýerleriniň işi hem-de taslamalary işlenip taýýarlanylýan resminamalara degişli meselelere garaldy. 

Iş duşuşygynyň ahyrynda taraplar özara tejribe alyşmagyň ähmiýetini belläp, şeýle duşuşyklaryň geljekde-de gurnalyp urulmagyna we ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ynam bildirdiler.