Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili 2022-nji ýylyň 19-28-nji sentýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen Täze tehnologiýalar arkaly serhetüsti kagyzsyz söwdany ýeňilleşdirmek boýunça 5-nji okuw maslahatyna gatnaşdy.
Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça ykdysady we durmuş komissiýasy (UNESCAP) tarapyndan Bütindünýä gümrük guramasy bilen bilelikde Koreýanyň Gümrük Gullugy we Strategiýa we Maliýe ministrliginiň ýardamçylygynda gurady.
Okuw maslahatynda Aziýa we Ýuwaş ummany sebitindäki kagyzsyz söwda we ulag boýunça BMG-niň bilermenleri serhetüsti söwda amallaryny ýeňilleşdirmegiň usullary barada çykyş etdiler. Hususan-da, Işewürlik amallaryny seljermek usuly öwrenildi. Munuň özi söwda amallaryny derňemegiň yzygiderli usuly bolup, ol päsgelçilikleri ýüze çykarmak we netijede ol päsgelçilikeri aýyrmak üçin çäreleri işläp düzmekdir. Maslahatyň dowamynda hünärmenler bar bolan päsgelçilikleri kesgitlemek we söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, şol sanda maglumat tehnologiýalaryny ulanmak boýunça teklipleri işläp düzmek üçin guramaçylyk, pudaklaýyn, milli ýa-da serhet derejesinde derňewi nädip geçirmelidigini öwrendiler.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Koreýa Respublikasynyň gümrük edaralaryna baryp gördüler we ol ýerde işiň guralyşy bilen ýakyndan tanyşdylar. Koreýaly kärdeşler gümrük işini sanlylaşdyrmak, işde ulanylýan täze tehnologiýalar we gümrük resmileşdirmesiniň elektron görnüşde amala aşyryly boýunça tejribeleri bilen paýlaşdylar. Aýratyn hem Koreýa Respublikasynyň Okuw merkezine, Deňiz portuna, Howa menziliniň ýük terminalynda işleriň guralyşy gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.