Habar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda «Ýurdumyzda üstaşyr ulag geçirijiligi we logistikany ösdürmek, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak» atly pudagara maslahaty geçirildi. Pudagara maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we kommunikasiýalar agentliginiň düzüm birlikleriniň, Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň, «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň eksport ediji agzalary gatnaşdylar. Pudagara maslahatynyň barşynda ýurdumyzda köpugurly ulag logistika ulgamynyň kemala gelýändigi, üstaşyr geçirijilik mümkinçilikleriniň barha artýandygy bilen baglylykda döwlet serhediniň gözegçilik geçiriş ýerleriniň harytlary we ulag serişdelerini geçirijiligini has-da artdyrmak babatda Döwlet gümrük gullugynyň alyp barýan işleri dogrusynda gürrüň açyldy. Şeýle hem halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan awtoulaglaryň gümrük serhedinden geçirilmegini tizleşdirmäge mümkinçilik berýän «TIR-EPD» sanly ulgamynyň işi, «ASYCUDA World»  atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy, deslapdan maglumat bermek hem-de daşary ýurt awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň we tölegleriň möçberleri barada bellenilip geçildi.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan dürli sowallar bilen ýüzlenip, olar boýunça pikir alyşdylar. Şunuň ýaly maslahatlaryň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda yzygiderli geçirilmegi daşary söwda işine gatnaşyjylaryň işini has-da kämilleşdirmekde ähmiýetlidir.