2022-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edara binasynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly 2021-2023-nji ýyllar üçin Taslama resminamasyny» durmuşa geçirmek boýunça Utgaşdyryjy Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Mejlise, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy hem-de BMG-nyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň - Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa sebitleýin utgaşdyryjysy, agzalan halkara guramalaryň degişli hünärmenleri, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda, «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly 2021-2023-nji ýyllar üçin Taslama resminamasy» boýunça ýerine ýetirilen işlere syn edildi hem-de Taslama resminama boýunça 2023-nji ýyl üçin amala aşyrylmagy göz öňünde çäreler we möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çäräniň ahyrynda, mejlise gatnaşyjylar ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmakda dowamly goldaw-hemaýatlary berýän Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.