2022-nji ýylyň 17-nji noýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak boýunça hünärmenleriň Germaniýa Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň wekilleri hem gatnaşdy.
Duşuşygyň maksady Sebitleýin hyzmatdaşlygy we söwdany berkitmek üçin Merkezi Aziýanyň ulag geçelegeleriniň halkara ýol gatnawlarynyň işlerini sanlaşdyrmak boýunça täze taslamany ara alnyp maslahatlaşmak.
Germaniýa Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) bilermenleri agzalan taslama bilen tanyşdyrdylar. Bu taslama, Germaniýanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş ministrliginiň (BMZ) başlangyjy bilen durmuşa geçirilýär we 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2023-nji ýylyň dekabry aralygynda meýilleşdirilen. Şeýle hem, taraplar bu taslama boýunça hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň barşynda Gümrük gullugynyň wekilleri TIR-EPD Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň häzirki ýagdaýy we bu ugurda bar bolan başlangyçlar bilen paýlaşdylar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Halkara awtomobil ulaglary birleşigi bilen hyzmatdaşlykda halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan awtoulaglaryň gümrük serhedinden geçirilmegini tizleşdirmäge mümkinçilik döredýän «TIR-EPD» sanly ulgamy işi ýola goýuldy. Bu ulgam halkara awtoulagly daşalýan ýükler barada ähli maglumatlary awtoulagyň ýüklenip ugramagy bilen bir wagtda, elektron görnüşde gümrük edaralaryna awtomatiki usulda deslapdan bermäge şert döredýär. Bu bolsa, ýurdumyza gelýän we üstaşyr geçýän ýükli awtoulaglaryň gümrük gözegçiligini ygtybarly guramaga we olary serhetden çalt geçirmäge, ýurdumyzda öndürilýän önümleri TIR Konwensiýasyna gatnaşýan ýurtlara päsgelçiliksiz eltmegine giň mümkinçilik döredýär.