Habar

2022-nji ýylyň 6-8-nji dekabry aralygynda paýtagtymyzyň Ýyldyz myhmanhanasynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan «Lapis Lazuli» ulag-üstaşyr geçelgesini ösdürmek boýunça sebitleýin okuw maslahaty geçirildi.

Bu okuw maslahatyna, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri gatnaşdy. Azerbaýjan Respublikasyndan, Gruziýadan, Türkiýe Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan we Özbegistan Respublikasyndan wekiller wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar.

Maslahaty alyp barmak üçin çagyrylan ulag-üstaşyr amallary ýeňilleşdirmek boýunça halkara bilermeni Laar Ristiç ulag-üstaşyr geçelgesini ösdürmek boýunça Strategiýanyň we Ýol kartasynyň taslamasyny hödürledi.

Maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili ulag-üstaşyr geçelegelrini ösdürmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan işler, hususan-da Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan gümrük amallarynyň sanlylaşdyrylmagy we awtomatlaşdyrylmagy, gümrük serhedinden harytlaryň geçirilmegini ýeňilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada belledi. Bu alnyp barylýan işler ýurdymyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna göükdirilendir. 

«Lapis Lazuli» ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek barada Ylalaşygyň 2017-nji ýylda Aşgabatda gol çekilendigini ýatladýarys.