Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyz geografiki taýdan örän amatly ýerleşmek bilen, möhüm ulag-üstaşyr we logistiki merkez hökmünde eýeleýän ornuny ynamly berkidip, onlarça ýurtlar tarapyndan üstünlikli ulanylýan ygtybarly ulag-üstaşyry üpjün etmäge çalyşýar. Türkmenistanyň çäginden geçýän halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen Döwlet gümrük gullugynyň öňünde möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bu wezipeleriň biri hem, gümrük serhedinde konteýnerli ýük daşamalar üçin amatly şertleriň üpjün edilmegi bolup durýar.
Munuň üçin ilkinji nobatda hukuk esaslary düzgünleşdirildi. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Gümrük kodeksine girizilen üýtgetmelere laýyklykda, "konteýner" "ulag serişdesi" diýen düşünjä degişli edildi. Ozal "konteýner" sözi "gaýtadan ulanylýan gaplama" manysynda ulanylýardy. 2021-nji ýylda bolsa, Türkmenistanyň Konteýnerlere degişli gümrük Konwensiýasyna hem-de Konteýner goruna geçirilen we halkara daşamalarynda ulanylýan konteýnerler üçin gümrük düzgüni hakyndaky Konwensiýa goşulmagy, konteýnerli halkara ýük daşamalaryň ýeňilleşdirilen tertibini göz öňünde tutýan hukuk esaslary kesgitledi. Bu bolsa, ýurdumyzyň çäginden geçýän halkara üstaşyr ulag geçelgeleri arkaly ýük daşamaga dünýäniň iri konteýner daşaýan kompaniýalaryny çekmekde ygtybarly şertleri döretdi hem-de ýurdumyzyň ýük daşaýjylaryna degişli konteýnerler arkaly eksport harytlarymyzyň dünýäniň dürli künjeklerine amatly usul bilen eltilmegine giň ýol açdy.
Bellenip geçilen şertler hem-de «Lapis Lazuli» ugry boýunça we Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) üstaşyr ulag geçelgeleriniň ugrunda ýerleşýän Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň konteýner dolanyşygy babatdaky uly kuwwatlylygy, multimodal ýük daşamalary üçin amatly bolan konteýnerli ýük daşamalary agzalan üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça has-da köpeltmäge giň mümkinçilik berýär. Portuň çäginde geçirjilik kuwwaty 400,000 konteýnere deň bolan konteýner terminaly bar. Bu ýerde döredilen şertler konteýnerli daşamlaryň artmagyna ýardam edýär.
Gümrük statistikasynyň berýän maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň halkara ýük dolanyşygynda konteýnerli ýük daşamalarynyň 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 157 göterim köpelmegi, şu ýylyň 11 aýynda bolsa, bu görkezijiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 41 göterim artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.