Habar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň barşynda wise-premýerleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň hasabatlary diňlenildi. Gün tertibine şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri girizildi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” we Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, şeýle hem degişli pudaklaýyn düzümleriň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen hukuk namalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirildi.

Ýylyň başyndan bäri Milli Geňeşiň Mejlisiniň maslahatlarynyň 5-si geçirildi. Türkmenistanyň Kanunlarynyň 49-sy, şeýle hem Mejlisiň kararlarynyň 25-si kabul edildi. Şol döwürde “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, şeýle hem birnäçe beýleki kanunçylyk namalary kabul edildi.

Hereket edýän kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde, käbir kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Häzirki wagtda Mejlis döwletimiziň hukuk ulgamyny ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň kadalaryna we öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirýär.

Şu ýylyň on bir aýynda dünýä döwletleriniň parlamentleriniň hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 31-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek we döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça geçiren okuw maslahatlarynyň 137-sine gatnaşdylar. Bulardan başga-da, Mejlisiň wekilleri BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasy bilen bilelikde welaýatlarda çagalaryň hukuklaryny düşündirmek boýunça okuw maslahatlaryny geçirdiler. Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 21-si guraldy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ýardam bermeginde ýakynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirilip, onda dialoga 2022-nji ýylda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem bu düzümiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň meseleleri we 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol döwürde çäreleriň 12-si geçirildi.

Mejlisiň deputatlary ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralaryna guramaçylyk we usulyýet taýdan kömek bermek maksady bilen, ýerlerde usuly-okuw maslahatlaryny geçirdiler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew şu ýylyň başyndan bäri milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barlan işler barada maglumat berdi.

Degişli döwürde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 7 mejlisi, şol sanda jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda giňişleýin mejlisleriň 2-si hem-de palatalaryň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Olaryň dowamynda kanunçylyk namalarynyň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparlarynda bolup, dürli kärdäki raýatlar bilen duşuşdy, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy üçin döredilýän şertler bilen gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek babatda täze wezipeleri öňde goýýar.

3-nji dekabrda Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine baryp, bu ýerde iş maslahatyny geçirdi hem-de bu giň gerimli taslamany amala aşyrmagyň ahyrky tapgyrynda çözülmeli wezipeleri kesgitledi, gymmatly maslahatlaryny, nesihatlaryny berdi. 10-njy dekabrda Gahryman Arkadagymyz bu döwrebap merkezde alnyp barylýan işler bilen ýene-de tanyşdy hem-de iş maslahatyny geçirdi.

Ýylyň başyndan bäri Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýetleri Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Ýaponiýa, Russiýa Federasiýasyna, Koreýa Respublikasyna saparlary amala aşyrdylar. Olaryň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, bu ugurda pikir we tejribe alyşmaga ýardam berýän gepleşikler hem-de duşuşyklar geçirildi. Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilen mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, bu gurama bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen wajyp teklipleri öňe sürdi.

Türkiýäniň hem-de Azerbaýjanyň parlamentleriniň ýolbaşçylary, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary, şeýle hem Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen Aşgabatda geçirilen duşuşyklar parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berdi.

10-njy dekabrda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2022-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, on bir aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde durnukly saklanylýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleri öndürmegiň möçberi 11 göterim artdy.

Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 35,7 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 119,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa, 98,1 göterim ýerine ýetirildi. Ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda we doly maliýeleşdirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14,1 göterim artdy. Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen işleriň çäklerinde hasabat döwründe durmuş maksatly desgalaryň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy alnyp baryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri, şol sanda nebit we gaz kondensatyny çykarmak boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Wise-premýer nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnamanyň, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan meýilnamanyň 109,2 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 114,9 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 110,4 göterim, polipropileni öndürmegiň meýilnamasynyň 119,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 104,7 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasynyň 107 göterim ýerine ýetirilendigi bellenildi. Şeýle hem şu ýylyň on bir aýynda tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 113,6 göterim, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama 124,7 göterim berjaý edildi.

Giňişleýin mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa we Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa käýinç yglan etdi hem-de degişli Buýruklara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän edaralarynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 115,1 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary bilen ýük daşamagyň meýilnamasy 112,2 göterim we ýolagçy gatnawlary boýunça meýilnama 104,7 göterim ýerine ýetirildi.

Ýanwar — noýabr aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105,2 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 129,8 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 109,3 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 107,7 göterime deň boldy. “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça degişli işler geçirildi.

Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda geçirilen çäreler barada maglumat berildi.

Şeýle hem elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançalarynyň, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde angarlar toplumynyň, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde welaýat boýunça ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara binasynyň, Türkmenbaşy şäherinde toplumyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesinde demir ýol köprüsiniň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň birnäçesi bilen üstaşyr ulag hem-de logistika meseleleri boýunça iş toparlary döredildi, olaryň çäklerinde duşuşyklar geçirildi.

Ýylyň başyndan bäri Aşgabatda “Halkara üstaşyr ulag geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahat, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesinde halkara maslahat geçirildi. Forumlara daşary döwletleriň, şeýle hem halkara guramalaryň we ýöriteleşdirilen düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem telekeçilik ulgamy tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 110,8 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini 106,6 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda nah ýüplügiň we matalaryň öndürilişiniň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, degişlilikde, 125,4 hem-de 132,2 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň ösüş depgini 110,2 göterime, gön önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa, 109,7 göterime deň boldy. 

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 115,3 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 275 sany birža söwdasy geçirilip, 34 müň 7 şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler boýunça 118,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. Hasabat döwründe 19 sergi we 61 maslahat geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça on bir aýda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 175,4 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini bolsa 113,4 göterime deň boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň on bir aýynda geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň şygaryna, şeýle hem milli senenamamyzyň şanly senelerine bagyşlanan, şonuň ýaly-da, olara gabatlanyp medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dürli maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, brifingler, mediaforumlar, sergiler, wagyz-nesihat we aýdym-sazly medeni çäreler, festiwallar geçirildi, döredijilik bäsleşikleri yglan edildi. Hasabat döwründe türkmen hünärmenleri daşary ýurtlaryň birnäçesinde iş saparlarynda boldular.

Köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Daşary işler ministrligi bilen bilelikde degişli işler alnyp baryldy. Netijede, Türkmenistanyň teklibi boýunça dostlukly ýurtlar bilen bilelikde, türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, şeýle hem molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Noýabr aýynda Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly, “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi” atly halkara ylmy maslahat, Täjigistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwal we maslahat geçirildi.

Türkmen wekiliýetiniň noýabr aýynda Fransiýa bolan iş saparynyň dowamynda Luwr muzeýinde Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisini guramagyň, iki tarapyň hünärmenlerinden ybarat bolan degişli iş toparyny döretmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyl türki dilli döwletlerde “Magtymguly Pyragy ýyly”, Änew şäheri bolsa 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi.

Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirlik tarapyndan “Nusaýyň Parfiýa galalary” atly kitap neşir edildi. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, özgertmeler baradaky habarlar metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda we internet saýtlarynda giňden beýan edildi. Şeýle hem döwlet maksatnamalaryndan hem-de konsepsiýalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça işler dowam etdirildi.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça şu ýylyň geçen on bir aýynda neşir önümlerini öndürmegiň möçberi 109 million 719 müň manada deň boldy.

Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan meýilnama laýyklykda degişli işler geçirildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, häzirki zaman ylym, usulyýet binýadyny döretmäge gönükdirilen çäreler amala aşyryldy. Okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek boýunça işler geçirildi, täze kitaplar hem gollanmalar çap edildi. Talyplar we mekdep okuwçylary halkara ders-internet bäsleşiklerine gatnaşyp, medallara mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ýaşlar syýasaty bölümi döredildi. Ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedralaryny açmak, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerini halkara reýtinge goşmak boýunça işler dowam etdirildi. Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, birnäçe ähtnamalara we ylalaşyklara gol çekildi. Daşary ýurtlaryň ylym we bilim merkezleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklar ösdürildi. “Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Ýylyň başyndan bäri “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat, ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” tassyklanyldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi.

Bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralary boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararlary bilen “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama” hem-de “Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa” tassyklanyldy. “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Hasabat döwründe şeýle hem sporty ösdürmek, türgenleri taýýarlamak boýunça uly işler geçirildi. Halkara ýaryşlarda 383 medal gazanyldy, olarda üstünlikli çykyş eden türgenlere dabaraly ýagdaýda sylaglar gowşuryldy. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti döredildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirilip, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk, senagat toplumynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.

Ýanwar — noýabr aýlarynda gurluşyk we senagat toplumynda öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 136,8 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 115,3 göterim amal edildi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 163,6 göterime deň boldy.

Şu ýylyň on bir aýynyň netijeleri boýunça Energetika ministrligi önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasyny 131,4 göterim ýerine ýetirdi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 110,1 göterime, daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermegiň ösüş depgini bolsa 129,7 göterime deň boldy.

Şu ýylyň başyndan bäri geçen döwürde “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 135,6 göterim berjaý edildi.

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň ýerine ýetiren işleri we hyzmatlary boýunça meýilnama 100,5 göterime deň boldy.

Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 116,4 göterime deň boldy.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän giňişleýin mejlisiniň dowamynda hasabat bermek üçin Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa söz berildi.

Häkim şu ýylyň on bir aýynda Aşgabat şäheriniň jemagat hojalygy gulluklarynda, önümçilik düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabat şäher häkimliginiň garamagyndaky hojalyk hasaplaşygynda işleýän edara-kärhanalarda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 116,4 göterime deň boldy.

Täze ýyl baýramyna taýýarlygyň çäklerinde Aşgabat şäherinde sanly ulgamy ulanmak arkaly abadanlaşdyryş we bezeg işleri batly depginlerde alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ähli ugurlar babatda nusgalyk bolmalydygyny nygtady.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz hemmeleriň söýüp garşylaýan Täze ýyl baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çärelerde, ak mermerli paýtagtymyzyň ýeten derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we gazanylýan üstünlikleriň öz beýanyny tapmalydygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler, bu ugurda welaýatlarda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijeleri baradaky hasabatlar diňlenildi.

Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi.

Häkim welaýatda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň batly depginlerde alnyp barylýandygy barada aýtdy. Şunda ösüş suwuny tutmak, dökünler bilen iýmitlendirmek işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle hem 2023-nji ýylda pagta ekiljek meýdanlarda sürüm işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär.

Şunuň bilen bir hatarda, Täze ýyl baýramyny garşylamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýat boýunça şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde welaýatyň durmuş düzüminiň işini kämilleşdirmek bilen bir hatarda, ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işleriň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýandygy habar berildi. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral iýmitler bilen iýmitlendirmek işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň ekiş möwsüminiň taýýarlygynyň çäklerinde sürüm işlerinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlamak işlerine möhüm ähmiýet berilýär.

Şeýle hem Täze ýyl baýramyny ýokary derejede guramak maksady bilen, medeni çäreleriň maksatnamasy taýýarlanyldy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, öz gezeginde, welaýatda ähli ugurlar boýunça şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehniki kadalara laýyklykda dowam etdirilýär. Häzirki günlerde bugdaý ekilen ýerlerde endigan gögeriş gazanylyp, degişli ideg işleri alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, gowaça ekiljek ýerleri ýokary derejede taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri dowam etdirilýär, ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly taýýarlamak ugrunda zerur işler alnyp barylýar.

Şeýle hem welaýatda Täze ýyl baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berildi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada aýdyp, häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda degişli işleriň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Şunda geljek ýylyň ýaz ekişine taýýarlyk meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Şol bir wagtyň özünde, Täze ýyl baýramyny mynasyp derejede garşylamak maksady bilen, zerur işler geçirilýär.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýat boýunça şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri sazlaşykly ýola goýuldy. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Şunda ekişde ulanyljak tehnikalaryň taýýarlygyna möhüm üns berilýär.

Welaýatda Täze ýyl baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylamak işlerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,1 göterime deň boldy. Şunda bu görkeziji Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 104 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,8 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 105,1 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 179,9 göterim ýerine ýetirildi.

Gök önümleri öndürmekde 115,3 göterim, bakja önümlerini öndürmekde 109,3 göterim, miwe we ir-iýmişleri öndürmekde 109 göterim, çörek we çörek önümlerini öndürmekde 105,2 göterim ösüş depginleri gazanyldy.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň sebitlerinde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlary taýýarlamak üçin degişli çäreler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna “Daýhan birleşikleriniň suwarymly ýerlerini döwlet tabşyrygyna girýän bugdaýy we gowaçany ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin kärendesine bermegiň Tertibiniň” taslamasy hödürlendi. Resminamada daýhan birleşikleriniň suwarymly ýerlerini uzak möhletleýin kärendesine bermegiň hem-de daýhan birleşikleriniň we oba hojalyk önümlerini öndürijileriň arasynda önümçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň kadalary göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda, aýratyn-da, bugdaý ekilen ýerlerde alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda degişli işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, suw akabalarynyň arassalanmagyna, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň gowaça ekişine taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleriň meýilnama laýyklykda alnyp barylmalydygyny, şunda ekişe guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly ähli meseleleriň üstünlikli çözülmelidigini we bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi.

Arkadagly Serdarymyz ýaz ekişine taýýarlyk görmek işleriniň degişli derejede we talabalaýyk alnyp barylmagynyň geljekki bol hasylyň girewidigine ünsi çekip, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak, olary taýýarlyk hataryna çykarmak işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini bellemek bilen, bu babatda wise-premýere hem-de häkimlere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şunuň bilen birlikde, Täze ýyl baýramyny täze zähmet üstünlikleri bilen garşylamak üçin zerur tagallalar edilmelidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM tarapyndan şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şu döwürde Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda işler alnyp baryldy.

Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki saparlara we gepleşiklere möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna, Eýran Yslam Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna, Birleşen Arap Emirliklerine we Katar Döwletine döwlet, resmi we iş saparlary guraldy.

Şol bir wagtyň özünde, geçen on bir aýyň dowamynda Hindistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri we Gruziýanyň Premýer-ministri biziň ýurdumyzda saparda boldular.

Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlary aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe döwletleriň Baştutanlary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Şu ýylyň başyndan bäri döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda iri halkara derejedäki çäreleriň birnäçesi guraldy.

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek Watanymyzyň daşary syýasy işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, hasabat döwründe Türkmenistanyň parlament toparlarynyň daşary ýurtlara saparlary guraldy. Şu ýylyň 12-nji maýynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi möhüm waka öwrüldi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça anyk işleriň durmuşa geçirilmegine we ýöriteleşdirilen halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine möhüm üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe bilelikdäki hökümetara toparlaryň birnäçe mejlisleri we olara başlyklyk edijileriň duşuşyklary geçirildi.

On bir aýyň dowamynda Türkmenistanyň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işiniň ösüşiniň Maksatnamasyny, Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin Daşary söwda strategiýasyny hem-de ýurdumyzyň söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlarynda kabul edilen beýleki strategik resminamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli işler amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara we aýry-aýry pudaklaryň işinde bar bolan kemçiliklere garamazdan, şu ýyl milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşiniň saklanýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberleri artdy. Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy hem ýokarlanýar. Döwlet býujetine serişdeleriň gelip gowuşmagy bellenen tabşyryklaryň çäklerinde üpjün edildi. Zähmet haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary tassyklanan tertibe laýyklykda tölenýär.

Şol bir wagtyň özünde, önümçilik we ýaşaýyş-durmuş maksatly köp sanly desgalar ulanylmaga berildi.

Eksporta niýetlenen önümleri artdyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy netijesinde, dürli görnüşli önümleriň eksport edilen möçberi, geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, 50 göterime golaý artdy. Şuny göz öňünde tutup, döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we täze görnüşli önümleri öndürmegiň hasabyna eksporty artdyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Umuman, şu ýylyň on bir aýynyň jemleri boýunça ýurdumyzda kanagatlanarly netijeleriň gazanylandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, muňa garamazdan, yhlasly we netijeli işlemegi dowam edip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli ösdürmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň daşary syýasat babatda hem netijeli we baý many-mazmunly bolandygyny aýdyp, Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň halkara giňişlikde dostlukly we deňhukukly gatnaşyklary ýola goýandygyny belledi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmegi munuň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere-de garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.