2022-nji ýylyň 19-20-nji dekabry aralygynda Gullugyň işgärleri göni wideoaragatnaşyk arkaly, BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) 1975-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky Halkara ýol daşamalary (TIR) kitapçasyny ulanmak bilen, halkara ýollarynda ýükleri daşamak hakynda Gümrük Konwensiýasynyň Dolandyryş toparynyň Amala aşyryjy tehniki guramasynyň üçünji duşuşygyna gatnaşyldylar. Bu duşuşyga Konwensiýa agza ýurtlaryň gümrük edaralarynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) hem-de synçy hökmünde bu birleşigiň awtomobil ulaglary assosiasiýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň çäklerinde gümrük edaralary üçin möhüm bolup durýan elektron TIR (e-TIR) halkara maglumat ulgamyny ornaşdyrmak hem-de bu maglumat ulgamynyň halkara tehniki standartlaryny işläp taýýarlamak boýunça meselelere seredildi.
Şeýle hem, duşuşykda e-TIR halkara maglumat ulgamy boýunça Dolandyryş toparynyň Amala aşyryjy tehniki guramasynyň ýerine ýetirilen işlerine seredildi we bu meseleler boýunça agza ýurtlarynyň gümrük edaralarynyň wekilleri bilen pikir alşyldy hem-de degişli çözgütler kabul edildi.