Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynyň mejlisler jaýynda «Watan goragçylarynyň güni» mynasybetli dabaraly baýramçylyk çäreleri geçirildi. Harby gullukçylaryň hünär baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ençeme harby gullukçylaryna Döwlet sylaglary we nobatdaky harby atlary gowşuryldy.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Gullugyň harby gullukçylaryna beren Şa serpaýlary biziň harby gullugymyza bolan höwesimizi has-da artdyryp, watançylyk duýgularymyzy arşa göterýär. «Täze döwrümiziň röwşen ýolunda ak ýüreklilik we wepalylyk bilen Watana gulluk etmek, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny berkitmek, gazanylýan üstünliklere goşant goşmak biziň mukaddes borjumyzdyr» diýip, biz merdana harby gullukçylara Watany söýmegiň belent nusgasyny görkezýän Hormatly Belent Serkerdebaşymyza her birimiziň alkyşly hem buýsançly sözlerimiz dillerimiziň senasydyr.
Biz harby gullukçylar, geljekde-de gaýduwsyz hem edermen taryhy şahsyýetlerimiziň, watansöýüji hem lebzi halal ata-babalarymyzyň nusgalyk ýoluny özümize ýol-ýörelge edinip, Watanymyza, halkymyza, Hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden halal gulluk etjekdigimize, Watanymyzyň ykdysady howpsuzlygyny goramakda jan aýaman harby borçlarymyzy birkemsiz ýerine ýetirjekdigimize tüýs ýürekden ynandyrýarys.