2023-nji ýylyň 15-19-njy ýanwary aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda erkin ykdysady zolaklary döretmek, olary dolandyrmak we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça tejribelerini öwrenmek maksady bilen türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili Kazan şäherinde gulluk saparynda boldy.
Saparyň dowamynda Tatarystan Respublikasynyň Maýa goýum ösüş agentliginde hem-de Ykdysadyýet we maliýe ministrliginde duşuşyklar geçirilip, olaryň dowamynda Tatarystanly kärdeşler Tatarystanda maýa goýumlary çekmek hem-de özleşdirmek babatda alnyp barylýan işler, maýa goýum taslamalarynyň seljerilişi, ýurduň erkin ykdysady zolaklarynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde, degişli zolaklarda iş alyp barýan rezidentlere berilýän salgyt, gümrük, durmuş we beýleki ýeňillikler hem-de syýasy, maýa goýum, salgyt we telekeçilik işleriniň bu ugura gönükdirilişi barada öz tejribeleri bilen paýlaşdylar. Şeýle-de, erkin ykdysady zolaklarda işleriň durnukly ösmegi üçin ýurduň kanunçylyk namalary bilen üpjün edilişi hem-de döwlet tarapyndan ýurtda zerur bolan önümçilik babatda geçirilýän seljerme işleri barada beýan etdi.
Saparyň çäklerinde, türkmen wekiliýeti Kazan şäherinde ýerleşýän «Himgrad» tehnopolisiniň çäginde ýerleşýän önümçilik meýdançasyna, Ýelabuga etrabynda ýerleşýän «Alabuga» ýörite ykdysady zolagynyň meýdançasyna we Werhneuslonskiý we Laişewskiý etraplarynyň çäklerinde ýerleşýän «Innapolis» aýratyn ykdysady zolagynyň meýdançasyna baryp gördüler hem-de bu zolaklarda işiň guralyşy bilen tanyşdylar.
Erkin ykdysady zolak – bu çäklerinde erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary üçin aýratyn hukuk düzgüni ýola goýulýan, anyk kesgitlenen administratiw serhetleri bolan ýörite bölünip berlen çäk. Kanunçylyga laýyklykda, Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary üçin salgyt salynmagynyň, pul, gümrük taýdan düzgünleşdirmegiň ýeňillikli tertibi we şertleri ýola goýulýan, fiziki şahslaryň gelmeginiň, ol ýerde bolmagynyň we gitmeginiň, zähmet gatnaşyklarynyň, maliýe-karz işiniň ýönekeýleşdirilen tertibi bellenen.