Habar

2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Artyk» gümrük nokadyna baryp, bu ýerde gümrük işiniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin döredilen döwrebap şertler, gümrük amallaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, halkara ýük daşamalarynda TIR kitapçalarynyň resmileşdirilişi, üstaşyr ýükler barada deslapdan maglumatyň ulanylyşy we «ýaşyl geçelgeleriň» işi bilen ýakyndan tanyş boldular.

Wekiliýetiň agzalary bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň  wekilleriniň arasynda bolan söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr we ikitaraplaýyn halkara awtoulagly ýük daşamalarynyň amallaryny ýönekeýleşdirmek,  halkara awtoulagly ýük daşamalarynda ulanylýan TIR kitapçasyny sanlaşdyrmak we ýükler barada deslapky maglumatyň berilmegi boýunça döredilen ýeňillikler dogrusynda pikir alyşdylar. Şeýle hem sanly ulgama geçmek bilen bagly döredilen ýeňilliklerden peýdalanylmagynyň oňyn netijeleri barada maglumatlary Türiýe Respublikasynyň Türkmenistana gelýän sürüjileriň dykgatyna ýetirmek hakynda netijä geldiler.

Duşuşygyň ahyrynda, taraplar sanly ulgama geçmekde,  ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmakda dowamly goldaw-hemaýatlary berýän Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.