Habar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde, Türkmenistanyň gümrük gullugynyň harby gullukçylaryny taýýarlamak boýunça nobatdaky başlangyç okuw kursy başlandy. Okuwy Gümrük gullugynyň düzümine täze kabul edilenleriň 17 sanysy geçýär.   

2023-nji ýylyň başyndan bäri, Okuw merkezinde başlangyç okuwy geçýän ilkinji topardyr. Okuwlar Okuw merkeziniň mugallymlary tarapyndan alnyp barylýar. Şeýle hem, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynda hem gümrük işi boýunça hünärmenleri taýýarlamak işi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň harby gullukçylarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.   

Okuw merkeziniň müdiri G. Myradowyň belleýşi ýaly, başlangyç okuwy üstünlikli geçmek, haýsy bölümde işlejekdigine garamazdan täze kabul edilen her bir harby gullukçy üçin hökmanydyr. Gullugymyzda gümrük işgärine hünär bilimi babatynda ýokary talaplar bildirilýär.

Iki aýyň dowamynda başlangyç okuw kursunyň diňleýjileri gümrük hukugy, gümrük gözegçiligi we gümrük amallary, gümrük tölegleri, gümrük statistikasy, gümrük düzgünlerine garşy göreş we maglumat tehnologiýasy çygyrlarynda bilimi öwrenýärlaer we bu ugurda täze maglumatlary özleşdirýärler.

Okuw merkezi tarapyndan meýilleşdirilişi ýaly, okuw maksatnamasynyň her bir bölüminiň tamamlanmagy bilen diňleýjiler test görnüşinde aralyk synaglary hem-de okuw kursunyň tamamlanmagy bilen jemleýji synaglar geçirilip, synaglary üstünlikli geçen harby gullukçylar saýlanar.