Habar

2023-nji ýylyň 22-23-nji fewralynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Gümrük gulluklarynyň sebitara torunyň we port gözegçilik toparlarynyň bäşinji duşuşygy Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Merkezi Aziýadaky müdirligi tarapyndan geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklaryndan wekiller gatnaşdy.

Duşuşykda temmäki önümleriniň bikanun söwdasyna garşy göreşmek boýunça sebitara operasiýanyň netijeleri, toruň içindäki häzirki işleriň syny, şeýle hem amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky ileri tutulýan ugurlar we zerurlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň gümrük gullugynyň işgärleri çykyş edip, Türkmenistanyň “Temmäki tüssesiniň täsirlerinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden raýatlaryň saglygyny goramak barada” Kanunynyň kabul edilmegi we temmäki garşy alnyp barylýan çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitinde temmäkä garşy göreşde öňdebaryjy orny eýeleýändigini bellediler.