Habar

2023-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň orunbasary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça Ählumumy maksatnamasynyň Dolandyryş komitetiniň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Taraplar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha bermek bilen, Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça Ählumumy maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini hem-de bu Maksatnamanyň çäginde 2023-nji ýyl üçin meýilnamada bellenen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, duşuşygyň barşynda Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça Ählumumy maksatnamasynyň çäginde döredilen Port gözegçilik toparyň agzalary tarapyndan ulanylmagy üçin rasiýalar dabaraly gowşuryldy.

Bellenilişi ýaly, soňky döwürde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde has hem giňeýär. Geçen 2022-nji ýylda bu maksatnamany ýerine ýetirmegiň barşynda 24 sany gümrük işgäri dürli ýurtlarda iş saparynda boldy we Türkmenistanyň çäginde geçirilen dürli okuwlara, maslahatlara, tegelek stollaraa 51 töweregi gatnaşdy.