Habar

     Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Ozon gatlagyny goramak hakyndaky Wena Konwensiýasyndan we onuň Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar hakyndaky Monreal Teswirnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi bilen bagly, Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde «Ozon dargadyjy maddalaryň we düzüminde ozon gatlagyny dargadyjy maddalar bolan enjamlaryň importynyň Döwlet tarapyndan gözegçiliginiň amala aşyrylyşy» atly okuw maslahatyny geçirdi.

Okuw maslahatyna gatnaşan harby gullukçylara degişli wekiller tarapyndan bu ugra degişli wideo görnüşler, slaýdlar we beýleki maglumatlar sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly görkezildi. Bu geçirilen okuw sapagy harby gullukçylaryň bilim derejelerini artdyrmaga, olaryň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmaga uly itergi berdi. Bu ugurda ýurdumyzyň halkara guramalary bilen amala aşyrýan hyzmatdaşlyklary hem-de kabul edilen kanunçylyk namalary dogrusynda degişli ministrligiň Daşky gurşawy goramak we gidrometeorologiýa müdirliginiň wekili giňişleýin belläp geçdi. Okuw maslahaty üstünlikli tamamlanandan soň, harby gullukçylara maslahaty guraýjylar tarapyndan şahadatnamalar gowşuryldy.