Habar

Häzirki wagtda ýurdumyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna uly gerim berilýär. Ähli ýerlerde bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hem mährem zenanlara Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy ýokary derejede geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna Gullugyň zenan harby gullukçylary, raýat aýal-gyzlary hem-de öňdebaryjy işgärleri ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Bu ýerde edilen çykyşlarda, ýaňlanan aýdym-sazlarda, ýerine ýetirilen çeper okaýyşlarda ene mukaddesligi, mähriban zenanlarymyza goýulýan hormat we sarpa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň bu ugurda amala aşyrýan beýik işleri giňden wasp edildi. Bu günki gün merdana zenan harby gullukçylarymyz ata Watanymyzy, ene topragymyzy goramagyň belent nusgasyny görkezýärler.

Ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza, uýalarymyza uly hormat goýlup, olara döwlet derejesinde ähli şertler döredilýär. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan etdiler.