Habar

2023-nji ýylyň 9-njy martynda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň arasyndaky XII Spartakiada badalga berildi. Sportuň 10 görnüşi boýunça gurnalan bu ýaryşlar  «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygar astynda geçirilýär.

Bu iri sport çäresi Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan  bilelikde geçirilýär. Onuň esasy maksady harby gullukçylaryň beden taýýarlygyny ýokarlandyrmak, sporta we köpçülikleýin bedenterbiýä bolan höweslerini has-da artdyrmak hem-de olaryň watançylyk duýgularyny ýokarlandyrmak bolup durýar.

Ýaryşlara Döwlet gümrük gullugynyň «Gümrükçi» topary uly ruhubelentlik bilen gatnaşýar. Iki aý dowam etjek spartakiadada bu toparyň agzalary kiçi futbol, ýeňil atletika, stol tennisi, tennis, milli göreş, küşt we sambo göreşi ýaly sportuň görnüşlerinden ýaryşlarda bäsleşer.

Türgenlerimize iň ýokary netijelere ýetip, bu sport ýaryşlarynda ýeňişli orunlary gazanmaklaryny arzuw edýäris.

Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň arasynda milli we halkara derejeli sport ýaryşlarynyň ýeňijileriniň bardygyny hem bellemek isleýäris. Aziýada-2017, Çarwa oýunlarynyň ikisiniň, şeýle hem guşak göreşi boýunça XVI dünýä çempionatynyň ýeňijileri Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarydyr.