2023-nji ýylyň 10-njy martynda Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň “Sebit hyzmatdaşlygy we söwdany pugtalandyrmak üçin Merkezi Aziýanyň ulag geçelgelerinde TIR amallaryny sanly ulgama geçirmek” sebitleýin taslamasynyň ýolbaşçysy hanym Fesilitas Zikiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda duşuşyk geçirildi.
Gullugyň ýolbaşçylary wekiliýeti kabul edip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan sanly ulgama geçmekde, halkara awtoulagly ýük daşamalarynda ulanylýan haryt-ulag ýanhatynyň elektron, sanly görnüşine geçmekde amala aşyrylmaly çäreler, Türkmenistanyň çäginden üstaşyr we ikitaraplaýyn halkara awtoulagly ýük daşamalarynyň amallaryny ýönekeýleşdirmek, halkara awtoulagly ýük daşamalarynda ulanylýan TIR kitapçasyny sanlaşdyrmak we ýükler barada deslapky maglumatyň berilmegi boýunça wezipeler, şeýle hem söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek babatda ýerine ýetirilmeli wezipeler barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda taraplar geljekki hyzmatdaşlygy hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmak işlerini ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada belläp geçdiler.