2023-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini hem-de eksport edilýän harytlaryň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen maslahat geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde telekeçilige, önüm öndürijilere döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi, eksport edilýän haritlaryň görnüşleriniň we möçberleriniň artmagy hem-de ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilip eksport edilýän harytlaryň gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirmek meselesi maslahatyň esasy temasy boldy.
Şeýle-de maslahata gatnaşýan önüm öndürijilere eksport harytlary babatda gümrük gözegçiligini kämilleşdirmek we gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda amala aşyrylýan işler, seljermeleriň netijesinde ýüze çykýan bellikler we teklipler, eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça ýurdumyzda görülýän çäreler barada gürrüň berildi.
Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýeňillikleri ulanmagyň aýratynlyklary telekeçileriň dykgatyna ýetirildi. Ýurdumyzdan eksport edilýän harytlaryň gümrük amallary barada telekeçilerde döreýän soraglar boýunça aýdyňlaşdyrmalar berildi.