2023-nji ýylyň 15-nji martynda Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Global Forumynyň bilelikde guramagynda “Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň arabaglanşygy” mowzugy bilen “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” 12-nji Tokio dialogy geçirildi.
Dialogda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili Türkmenistana wekilçilik etdi. Ol öz çykyşynda gatnaşyjylara ýurdumyzda gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça, şeýle hem ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek, onuň maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirmek, täze ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň ýola goýulmagy we öňküleriň giňeldilmegi, kämil ulag-logistika infrastrukturalarynyň ornaşdyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada gatnaşyjylara maglumat berdi.
Hususan-da, gümrük amallarynyň awtmatlaşdyrylyşy, “Bir penjire” we TIR-EPD ulgamlaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly kagyzsyz amallara geçmek boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy.
“Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” 12-nji Tokio dialogyna gatnaşmak üçin Ýaponiýa saparynyň çäginde wekiliýetler Ýokohama şäherindäki deňiz portuna, Tokiýo şäheriniň gümrükhanasynyň edara binasyna baryp gördüler, şeýle hem Ýaponiýanyň birnäçe logistik kompaniýalarynyň işi bilen tanyşdylar.