2023-nji ýylyň 14-17-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Päkistan Yslam Respublikasynyň Karaçi şäherinde gulluk iş saparynda boldylar. Iş sapary Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» Ählumumy maksatnamasynyň çäginde guraldy.
Onuň maksady deňiz ýollary boýunça konteýnerler arkaly ýük daşamalaryna gözegçiligi guramakda Päkistanyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, Karaçi şäherindäki Porta we konteýner terminalyna baryp görmek, ol ýerde Port gözegçilik toparynyň işi bilen ýerinde tanyşmak hem-de Türkmenistanyň we Päkistanyň Port gözegçilik toparlarynyň özara hereketini işjeňleşdirmek üçin maslahatlary geçirmek.
Saparyň çäginde wekiliýet Karaçi portundaky gözegçilik-geçiriş ýerindäki terminalyň hem-de «Qasim» halkara konteýner terminalynyň işi, ol ýerde hereket edýän Port gözegçilik topary tarapyndan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdylar.
Çärä, şeýle-de Gazagystan Respublikasyndan hem 5 sany wekil gatnaşdy.