Habar

2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Gullugyň Merkezi edarasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň düzümine täze kabul edilen ýaş harby gullukçylara ilkinji harby atlarynyň hem-de degişli Güwänamanyň gowşurmak dabarasy boldy.

Kesgitlenilen wagtyň dowamynda ýaş harby gullukçylar gümrük işi we harby tälim boýunça ýöriteleşdirilen okuw sapaklary geçip, jemleýji synagy üstünlikli tabşyrdylar.

Dabarada ýaş harby gullukçylar wepadarlyk kasamyny belent joşgun bilen ýerine ýetirip, ata Watanymyza, ene topragymyza, Hormatly Belent Serkerdebaşymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza ak ýürekden gulluk edip, ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny goramakda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine tüýs ýürekden ynandyrdylar. 

Täze işgärlere işinde üstünlikleri arzuw edýäris!