Habar

Halkara söwda merkezi tarapyndan durmuşa geçirilýän Ready4Trade-Central Asia taslamasynyň çäginde Türkmenistanda Söwda portaly işe girizildi.

Serhetüsti söwda amallary barada jikme-jik maglumaty özünde jemleýän bu portal, söwdany ýeňilleşdirmek maksady bilen döredildi.

Söwda işi bilen meşgullanýan taraplar portalyň üsti bilen ýurdumyzdan eksport edilýän, üstaşyr geçirilýän we ýurdumyza import edilýän harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi bilen bagly amallary, şeýle-de dellalçylyk hyzmatlary barada maglumatlary bilen öz wagtda tanyşyp bilerler.

         Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleri portalyň işlenip düzülmegine işjeň gatnaşdylar. Döwlet gümrük gullugynyň wekili  portalyň açylyş dabarasynda çykyş edip, söwda portalynyň işe girizilmeginiň, Türkmenistanyň daşary söwdasyndaky ornuny pugtalandyrmaga, ygtybarly hem-de jogapkär hyzmatdaş hökmündäki halkara abraýyny artdyrmaga, maýa goýumlary çekmäge, tutuşlygyna alanyňda, Bütindünýä Söwda Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder diýip belledi hem-de portaly döretmäge gatnaşan her bir hünärmeniň goşandyny aýratyn belläp, köp sagbolsun aýtdy.