Habarlar

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinden
6 Dek
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinden

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji dekabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň 11 aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisde Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow şu ýylyň 11 aýynda gümrük edaralarynyň alyp baran işleri, şol sanda gullugyň işini kämilleşdirmek hem-de onuň bölümlerini serhetden geçýän ýükleri has düýpli gözden geçirmäge mümkinçilik berýän döwrebap tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň soňky ýyllarda tutuş Ýewraziýa yklymynyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň möhüm çatrygynda tutýan orny babatda ykrar edilmegi bilen baglylykda, gullugyň işgärleriniň üstüne ýüklenen uly jogapkärçiligi belledi. Döwlet Baştutanymyz işgärleri saýlap almak boýunça düýpli işleri alyp barmagyň, şol işgärleriň hünär taýdan bilimli, ileri tutulýan wezipeleri ýerine ýetirmekde asylly hem-de başarnykly bolmalydygynyň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň netijelerini jemläp, döwletimiziň hem-de halkymyzyň bähbitleriniň goragynda durmaga gönükdirilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ählisiniň ysnyşykly, utgaşykly işlemeginiň wajypdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Şonuň bilen birlikde, bu düzümler ýurdumyzyň abadançylygyny hem-de gülläp ösmegini, raýatlarymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde goýlan wezipeleriň her bir ýolbaşçydan has-da yhlasly işlemegi, yzygiderli kämilleşmegi, tabşyrylan işe jogapkärçilikli çemeleşmegi talap edýändigini nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň dünýädäki harby-syýasy ýagdaýlar nazara alnyp işlenip düzülendigini hem-de milli ösüşiň esasy ýörelgelerine doly kybap gelip, harby ulgamda ýeke-täk döwlet syýasatynyň kemala getirilmegine gönükdirilendigini nygtady. Milli Liderimiz döwletimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň gullugy hem-de durmuşy üçin has amatly şertleri döretmek boýunça mundan beýläk-de çäreleri görjekdigini aýtdy. 

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da, birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.



Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi