Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu edaralaryň ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, döwlet emlägine, şol sanda maddy serişdelere gözegçilik etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly we beýleki meselelere garaldy.
Milli Liderimiz mejlisi açyp, Goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň ýylyň başyndan bäri ýerine ýetiren işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň durmuş meselelerini çözmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goşunlaryň ähli kysymlaryny döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmegiň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň esasy ugry bolup durýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek harby gözden geçirilişi guramak boýunça aýratyn tabşyryklar berildi.
Soňra Içeri işler ministri M.Çakyýew ministrligiň 2021-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.
Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysy «Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Kararyň taslamasy barada hem hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekdi.
Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy degişli Permana gol çekip, M.Çakyýewi başga işe geçmegi sebäpli, Içeri işler ministri wezipesinden boşatdy.
Milli Liderimiz içeri Işler ministri wezipesine Ö.Hojanyýazowy belläp, ony Içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de oňa polisiýanyň polkownigi ýörite adyny dakdy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleri hem-de ýaramaz endikleriň adamyň bedenine ýetirýän zyýany barada düşündiriş işleriniň geçirilmegini esasy ugurlaryň hatarynda görkezip, ministre anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Baş prokuror B.Atdaýew hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berk berjaý edilmegine gözegçilik etmek maksady bilen, hasabat döwründe görlen çäreler hem-de hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça amala aşyrylan barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, barlaglaryň netijeleri boýunça prokuror gözegçiligi babatda netijeli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtap, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ýanwar — iýun aýlarynda amala aşyrylan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna kazyýet önümçiligini guramagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak arkaly gullugyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de mukaddes döwlet Garaşsyzlygynyň gazananlarynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça 2021-nji ýylyň ýanwar — iýun aýynda amala aşyrylan işler, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda durnuklylygy saklamak maksadynda degişli edaralar bilen alnyp barylýan utgaşykly işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, gulluk borçlarynyň ýerine ýetirilmeginde öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, ministre birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz bu düzümiň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmagyň, ugurdaş ýokary okuw mekdebiniň işinde okatmagyň döwrebap usullaryny ulanmagyň wajypdygyny belläp, «Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Karara gol çekdi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň mukaddes serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler hem-de edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy, esgerleriň we serkerdeleriň netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, serhet goşunlarynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmäge ukyply ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biridigini aýdyp, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Serhet institutynyň meseleleri hakynda» Karara gol çekip, bu resminamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Adalat ministri B.Muhamedow şu ýylyň birinji ýarymynda milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler, raýatlaryň arasynda kabul edilýän we hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň maksady barada guralan düşündiriş çäreleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny Türkmenistanyň Kanunlaryna ornaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, kanunçylygy yzygiderli öwrenmegiň esasynda degişli teklipleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de olary tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak meselelerine ünsi çekip, gümrük kadalaşdyrylyşy babatda çäreleriň berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow edaranyň işiniň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen ýylyň başyndan bäri durmuşa geçirilen işler hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, migrasiýa hyzmatlaryny hödürlemek işine döwrebap maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna howpsuzlygy üpjün etmegiň derejesini ýokarlandyrmagy wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda berk gözegçiligi ýola goýmak tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň Başlygy S.Berdimuhamedow kanunçylyga laýyklykda döwlet eýeçiligini netijeli ulanmaga gözegçilik etmek boýunça alty aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, meýilleşdirilen işleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere, Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan başy başlanan giň gerimli harby özgertmeleri öňe ilerletmek, Milli goşunyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna gözegçilik edýän düzümleriniň ählisiniň göz öňünde tutulan işleri takyk ýerine ýetirmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, döwletimiziň ynsanperwerlik hem-de parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan Harby doktrinanyň esasynda mundan beýläk-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrjakdygyny, harby gullukçylaryň gullugy, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuşy üçin mynasyp şertleri döretmek barada alada etjekdigini belledi.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzda jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede berjaý edip, asuda we bagtyýar durmuşy üpjün etmäge, adamyň ömrüni, saglygyny goramaga degişli örän wajyp meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýmek bilen, ykrar edilen şu kada görä döwletimizde adamyň ömrüni, saglygyny goramak, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini nygtady.
“Siziň bilşiňiz ýaly, dürli jenaýatlaryň öňüni almak, olara şert döredýän ýagdaýlary hem-de sebäpleri ýüze çykarmak, seljermek, aradan aýyrmak, bu ugurda wagyz-nesihat, düşündiriş işleri bilen öňüni alyş çärelerini geçirmek harby we hukuk goraýjy edaralaryň, häkimlikleriň, geňeşleriň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki guramalaryň örän möhüm wezipeleri bolup durýar” diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
“Hukuk goraýjy edaralar edilen etmiş üçin diňe çäre görýän ýa-da jeza berýän edara bolmaly däldir. Bu düzümler durmuşda ýalňyşan adamlary dogry ýola gönükdirmäge, terbiýelemäge, jemgyýete gaýtaryp getirmäge işjeň gatnaşmalydyr” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de harby we hukuk goraýjy edaralara bu ugurda öň hatarda bolmagy, öz işlerini mundan beýläk has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa söz berildi. Ol garalýan mesele boýunça ýurdumyzdaky işleriň ýagdaýy hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş ýagdaýy kynrak bolan adamlar barada aýdyp, olara hemmetaraplaýyn hemaýat etmegi hem-de hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga ýardam bermegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hukuk bozulmalaryna garşy terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini geçirmekde bilim edaralarynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Ýaşlar guramasynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň komitetleriniň ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, olaryň ýaşlary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer, akylly-başly edip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan çärelere işjeň gatnaşmagyna üns çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda häkimlikler, geňeşler, ýerlerdäki hukuk goraýjy, bilim, saglygy goraýyş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan düzgün bozmalaryň öňüni almak boýunça işleriň geçirilmeginiň wajypdygyna mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. “Bu edaralar ýagdaýa doly gözegçilik edip, öňüni alyş çärelerini yzygiderli geçirip durmalydyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
“Biz tutuş jemgyýet bolup, jenaýatçylyga garşy sazlaşykly işläp, tutanýerli göreş alyp barsak, onda bu jenaýatçylygy azaldyp, hukuk tertibini has-da berkidip, jemgyýetimiziň asudalygyny pugtalandyryp bileris. Milli häsiýetli, belent ahlakly, watançy, halal ýaşlary terbiýeläp ýetişdirip bileris. Ata Watanymyzy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek, kämil jemgyýeti döretmek barada öňde goýan belent wezipelerimize ýetip bileris” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
“Biz şu kesgitlenen wezipeleri hem-de kanunçylykda bellenen beýleki kadalary birkemsiz ýerine ýetirip, jenaýatçylyga garşy berk göreşmelidiris. Ýurdumyzda hemişe asuda durmuşyň, ruhubelent jemgyýetiň berkarar bolmagyny gazanmalydyrys” diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz bu meseleleriň aýratyn gözegçilikde saklanjakdygyny belläp, ýokarda kesgitlenen wezipeleriň ählisiniň üstünlikli çözüljekdigine ynam bildirdi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara berk jan saglyk, rowaçlyk, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.