Habar

2023-nji ýylyň 25-28-nji apreli aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň gurnamagynda Duşanbe şäherinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky gümrük komitetiniň işgärleri üçin bilelikdäki nazary we amaly okuw çäresi geçirildi. Täjigistan tarapyndan bu çärä Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Neşe serişdelerine gözegçilik gullugynyň işgärleri hem gatnaşdy.

Okuw çäresi Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) halkara hünärmenleri tarapyndan geçirilip, onuň maksady ýokary töwekgelçilikli ýükleriň toparlara bölünişi we barlagy, şeýle hem gümrük gözegçiliginiň häzirki zaman usullaryny ulanmakda gatnaşyjylaryň nazary we amaly bilimlerini we başarnyklaryny güýçlendirmekden ybarat.

Konteýnerler boýunça BGG Konwensiýasy (1972 ý.), konteýnerleriň tehniki häsiýetnamasy, ýitmek howpy astyndaky bolýan ýabany fauna we floranyň görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa, deňiz täjirçilik resminamalary okuw çäresiniň nazary sapaklarynyň temasy boldy. Amaly sapaklaryň dowamynda gatnaşyjylar töwekgelçiligi bahalandyrmak we dolandyrmak, neşe serişdelerini kesgitlemegiň usullary, şeýle hem konteýner howpsuzlygy meselelerinde başarnyklaryny berkitdiler.