Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
8 Few
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyrynyň çäklerinde bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş maksatly desgalaryň iri toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

    Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary we daşary ýurtly işewürler hem bu şatlykly dabaranyň şaýady boldular.

    Halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda halkara ölçeglerine kybap düzümi döretmek milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup, adam hakynda edilýän alada onuň esasyny düzýär. Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan köpsanly täze binalar, ähli amatlyklary bolan ajaýyp ýaşaýyş jaýlary şol syýasatyň aýdyň nyşanlarydyr.

    Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda çagalar bilen bilelikde dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesip, “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyryny açdy we  öý eýelerini jaý toýy bilen mähirli gutlap, olara täze öýde uzak we bagtyýar durmuş arzuw etdi.

    “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň çäginde köpsanly ýaşaýyş jaýlary, durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalar bina edildi we birnäçe seýilgäh zolaklary guruldy. Dabaranyň çäklerinde milli Liderimiz ýörite bölünip berlen seýilgäh zolagynda bu şanly wakadan ýadygärlik hökmünde ýaş agaç nahalyny oturdyp, täze ýaşyl zolagyň düýbüniň tutulmagyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýeren ähli dabara gatnaşyjylar hem bu asylly işe höwes bilen goşuldylar.

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara tamamlanandan soň, täze jaýlara göçüp gelen ildeşlerimize ýene-de bir gezek saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny arzuw etdi.



Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi