Habarlar

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi
8 Few
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi

    “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow wagt tapyp kabul edendigi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň sazlaşykly ykdysady ösüşe eýe bolan Türkmenistan bilen özara peýdaly gatnaşyklary artdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

    Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dünýä işewürligi, şol sanda Russiýanyň öňdebaryjy wekilleri bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy. Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň çäklerinde daşary ýurt hünärmenleriniň döwrebap tehnologiýalaryny we öňdebaryjy tejribelerini giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini bellän hormatly Prezidentimiz “ARETI” kompaniýasy bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda oňyn tejribe gazanylandygyny kanagatlanma bilen nygtady.

    Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynda hem-de dürli ulgamlarda meýilleşdirilýän täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri nazara alnyp, peýdaly hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

    Söhbetdeşligiň ahyrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow özara bähbitleri we anyk netijelere gönükdirilen tagallalary nazara almak bilen ýola goýulýan oňyn hyzmatdaşlygyň netijeli dowam etjekdigine ynam bildirdiler.



Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi