Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Eýran Yslam Respublikasynyň Neşelere garşy göreş alyp barmak baradaky ştabynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
16 Few
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Eýran Yslam Respublikasynyň Neşelere garşy göreş alyp barmak baradaky ştabynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Eýran Yslam Respublikasynyň Neşelere garşy göreş alyp barmak baradaky ştabynyň başlygynyň orunbasary Asadolla Hadi Nežadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Taraplar iki döwletiň gümrük işi babatda kanunçylyk namalaryna girizilen üýtgeşmeler babatynda birek-birege habar bermek bilen bagly meseläni, şonuň bilen birlikde kanun bozulmalaryň öňüni almak, maglumat alyşmak ulgamyny kämilleşdirmek barada ara alyp maslahatlaşdylar. 

Hoşlaşanlarynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan işlerde birek-birege üstünlikleri arzuw etdiler.