2023-nji ýylyň 18-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň paýtagtyna iş saparynyň çäginde geçirilen türkmen-hytaý gepleşikleriň netijesi boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Bu hökümetara şertnamasy Türkmenistanyň we Hytaýyň gümrük edaralarynyň arasynda mundan beýläkki özara gatnaşyklar üçin hukuk esasy döredýär. Hususan-da, gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş, maglumat alyşmak, özara tehniki ýardamy bermek, tejribe alyşmak, gümrük töwekgelçiligini dolandyrmak, ygtyýarly ykdysady operatorlaryň özara ykrar edilmegi we ş.m. meselelerde bilelikdäki çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.
Bu Ylalaşygyň baglaşylmagy bilen, gümrük paçlaryny we beýleki tölegleri anyk hasaplamagy we töletdirmegi, şeýle hem gadaganlyk, çäklendirme we gözegçilik düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi, gümrük kanunçylygynyň bozulmagyna garşy çäreleriň iki ýurduň gümrük edaralarynyň ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi arkaly has netijeli bolar diýip garaşylýar.