2023-nji ýylyň 16-20-nji maýy aralygynda Buhara şäherinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky özara söwdasynda gümrük statistikasynyň maglumatlaryny deňeşdirmek boýunça iki döwletiň gümrük işgärleriniň iş duşuşygy bolup geçdi. Duşuşyk, 2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda gol çekilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada gümrük serhedinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakyndaky Teswirnamanyň çäginde guraldy.
Hünärmenler 2022-nji ýylyň netijesi boýunça özara söwdanyň gümrük statistikasynyň maglumatlaryny deňeşdirdiler, aratapawudyň sebäplerini kesgitlediler we gümrük statistikasy ugry boýunça hyzmatdaşlygy has-da kämilleşdirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky özara söwdasynda gümrük statistikasynyň maglumatlarynyň arasyndaky aratapawudyň sebäpleri ýüze çykaryldy.
Bellenilişi ýaly, iki ýurtda ulanylýan maglumat döretmegiň usuly BMG-niň Statistika bölüminiň «Harytlarda halkara söwdasynyň statistikasy: düşünjeler we kesgitlemeler» halkara standartyna laýyk gelýär.